SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
SONA GÖZEL

 

           SONA GÖZEL

 

Utanar men aýda bilmen sözümi,

Sen maňa rähm eýle jan sona gözel.

Seni görsem ýitirer men özümi,

Gel maňa rähm eýle jan sona gözel.

 

Telwasly ýüregme gözüň söz gatar,

Kirpikleriň oky janymdan öter,

Sen bolmasaň niçik aý-günüm batar,

Sen maňa rähm eýle jan sona gözel.

 

Gözelligiň bar nyşany sende bar,

Susnuňa goşgular ýazmak mende bar,

Diýsinler sen kimin jeren kanda bar,

Gel maňa rähm eýle jan sona gözel.

 

Käş bolsadym gara saçyň daragy,

Käş bolsadym sen maralyň geregi,

Söýdüm seni yşk derýanyň baragy,

Sen maňa rähm eýle jan sona gözel.

 

Islegim rakyplar saňa bakmasyn,

Men aşygy pyrkatyňa ýakmasyn,

Aýralyk göz ýaşym belki akmasyn,

Gel maňa rähm eýle jan sona gözel.

 

Pyrkatyň eýleýär göz göwnüm gerýan,

Aýrylman yzyňdan gitseň-de her ýan,

"Serhoşyň" ýüregi sen üçin berýan,

Sen maňa rähm eýle jan sona gözel.

 

              

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله