SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GELMEZ MARAL

 

               GELMEZ MARAL

 

Maral ýarym tawus tekin, aldy janym näzler edip,

Nagma okyp bilbil tekin, gyş göwnümi ýazlar edip,

Aşyk-magşuklyk ýolunda, hoş söhbetli sazlar edip,

Yntyzarda goýup meni, bilmen neçüýn gelmez maral.

 

Ýigitlikde däli serli, on sekiz, on dokuz ýaşym,

Arzuwymdy ýar ýolunda, pyda bolsa gara başym,

Alagapdyr bu zamanlar, rakyp meniň döwre-daşym,

Yntyzarda goýup meni, bilmen neçüýn gelmez maral.

 

Wagda berip belmen neçüýn, gorkar eje-dädesinden,

Köp zamanlar öter bu gün, maňa beren wagdasyndan,

Bilmenem ýa habary ýok, aşyklygyň kadasyndan,

Göz ýolda goýup meni, bilmen neçüýn gelmez maral.

 

Ýakdy "Serhoşy" maral gyz, bir ýaman yşkyň oduna,

Aşyklaryň piri ýetsin belki şolaryň dadyna,

Tamam edip bu goşgyny söwer ýarymyň adyna,

Yntyzarda goýup meni, bilmen neçüýn gelmez maral.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله