SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ARZUWYM

 

               ARZUWYM

 

Arzuwym bar bir görmäge, mahy-taban ýüzüňi,

Dilegimdir, eşidäýsem, şirin dilli sözüňi,

Telwas eder, yşk ýüregim, uçup barsam ýanyňa,

Kölde gezen gubagaza, ogşadar men özüňi,

Maral boýlym, nazar salgyl, bu biçäre halyma.

 

Eşitseň-de elmydama, meniň ähli dadymy,

Hiç parahym kylmaýaň sen, däli köňül şadymy,

Aýralykdan gül ýüzümi, solduryp gezsem mydam,

Gaýgy-gam astynda ölsem, kim tutar meň adymy,

Daş ýürekli, rähme gel sen, nazar salyp salyma.

 

Pykatyňa gije-gündiz, çekerem man zaryňy,

Gel ynjytma gara gözlim, mundan beter ýaryňy,

Gullugyňda golum çermäp, bolasym gelýär gülüm,

Bagbanyň bolup tirsem, biten alma-naryňy,

Seň ýoluňda, razyýam men, Talaň düşsün malyma.

 

Aşygam men bal ary dek, biten gunça gülüňe,

Islegimdir ýetişäýsem, gül şähitli balyňa,

Gunça gülden bal döretmek, arzuw eýlär ýüregim,

Bostanyňa uçup barsam, tiken çekme ýoluňa,

Yşk ýüregim perwaz eder, sütem kylma balyma.

 

Ýa Reb özüň towpyk berip, myradyma ýetirgil,

Dergahyňa ýalbararyn, bu dilegim bitirgil,

Aýralyga döze bilmen, ýüreklerden ägäh sen,

Ýar gaşynda ýaşamasam, bu dünýäden ötürgil,

Ryswa etme hudaým, jülme jahan äleme,

Ýa-da "Serhoşy" giriftar etme beýle zalyma.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله