SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GÖRMEDIM

 

               GÖRMEDIM

 

Çagyrdy dostumyň biri toýuna,

Ýygylypdyr gelin-gyzlar öýüne,

Dakynypdyr altyn boýdar boýuna,

Göz aýladym öz ýarymy görmedim.

 

Gäh hyýal eýledim nähoşdyr haly,

Gäh diýerdim geýmiş gyrmyzy şaly,

Gäh güman eýledim bolmuşam däli,

Şol meýlisde şahmarymy görmedim.

 

Gelipdir deň-duşy, ýary-ýarany,

Göz aýlap tapmadym gözel sarany,

Akdyrdym gözümden eşki-barany,

Şol toýda men dildarymy görmedim.

 

Bir görmäge etdim telwas ýüzüni,

Aýlandym tapmadym dagy, düzüni,

Meýleriň içinde gara gözüni,

Gözläp jamda hunharymy görmedim.

 

Ne ajap ýokarmyş gaýgyly çagy,

Bir käse meý berse ol halda saky,

Biderek yntyzar çekermiş "Tagy",

Ol meýlisde öz ýarymy görmedim.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله