SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
JERENIM

 

          JERENIM

 

Tebigatyň täze açan gunçasy,

Aldy janym gara gözüň jerenim.

Şatlyk meýlislerde toýuň hunçasy,

Ýakdy bagrym şirin sözüň jerenim.

 

Gursak-döşüň ýele berip gezer sen,

Görenleriň ýürek bagryn ezer sen,

Bilmen niçik aýralyga düzer sen,

Aldy janym şähla ýüzüň jerenim.

 

Her zaman gözlämde, ogryn bakar sen,

Yşk oduna şirin janym ýakar sen,

Merjen baryn gözleriňden döker sen,

Ýakdy bagrym gara gözüň jerenim.

 

Dört örüm saçlaryň öter biliňden,

Sözleşeňde bal syzylar diliňden,

Görmedim sen tekin Türkmen ilinden,

Aldy janym şirin sözüň jerenim.

 

Gelşigi sen Türkmen sähraň ýazy sen,

köllermizň sonasy sen, gazy sen,

güleňde "Serhoşa" Türkmen sazy sen,

ýakdy meni humar gözüň jerenim.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله