SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
IkI GÖZEL

 

               IkI GÖZEL

 

Köňül berdim iki gözel dildara,

Bilmenem men haýsa ýürek bereýin.

Juwanlykda ýolum düşdi gülzara,

Haýsysynyň gunçasyndan tireýin.

 

Birisiniň alma-nary ýetipdir,

Ol biriniň zülpi bilden ötüpdir,

Bu gülzara iki gunça bitipdir,

Men bilmenem haýsa elim sereýin.

 

Inçe billi ýaryň gözi garadyr,

Ol biriniň yşk ýüregi ýaradyr,

Meň ýanymda ikisi-de töredir,

Awaraýam haýsa köňül bereýin.

 

Birisi marala ogşar ýörände,

Ol biri käkilik tekin saýranda,

Başym çaşyp özüm galdym haýranda,

Bilmen haýsy bilen döwran süreýin.

 

"Serhoş" hurban bolsun bu iki ýara,

aýralyk derdinden ýüregim para,

henizem derdime tapmadym çäre,

garyp başa her ne gelse göreýin.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله