SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
DILÄR MEN

 

               DILÄR  MEN

 

Kadyr Alla arzym bardyr şanyňa,

Ýalbaryp myradym senden dilär men.

Gaýyp sen gözlerden barsam ýanyňa,

Delmirip islegim senden dilär men.

 

Kalbymda salyndy yşkyň binasy,

Aýrylmaz dilimden ýaryň senasy,

Sen-sen Rebbim aşklaryň penasy,

Rähim sen, rahman sen, muny biler men.

 

Rähm edip gözümden akan ýaşyma,

Ýetirgil meni ol galam gaşyma,

Ýarym bilen her ne gelse başyma,

Ýar ýolunda ýürek-bagrym diler men.

 

Armanym ýok ýaryň goýnuna girsem,

Täze biten alma-naryny tirsem,

Mejnun dek ýolunda daglary syrsam,

Ýar bolan ýorduna gaýdyp geler men.

 

Her näçe ýetse-de ýaryň jepasy,

Dilegimdir ýene zowky-sapasy,

Kime bardyr bu dünýäniň wepasy,

"Tagy" diýer ýar bolmasa öler men.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله