SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
SONA JAN

 

               SONA   JAN

 

Arzuwyňda ýürek bagrym ot bolýa-da Sona jan,

Her göremde garyp köňlüm şat bolýa-da Sona jan,

Hazan gelip bahar bizden, ýat bolýa-da Sona jan,

Aşyk-magşuk görgüligi, at bolýa-da Sona jan.

  

Halyçylar başlygy sen, bar gözeliň içinde,

Ilkinji sen tebigatda, gözellik don biçende,

Hasrat bilen garaýar men, ogryn bakyp geçeňde,

Ýürek-bagrym aýralykda, ot bolýa-da Sona jan.

 

Humar edip gara gözüň, çitme galam gaşyňy,

Bar gözeller ede bilmez, seniň eden işiňi,

Arzuwyma ýete bilmen, diýip, dökme ýaşyňy,

Aýralykda ýürek-bagrym, ot bolýa-da Sona jan.

 

Pygan okyp bilbil tekin, ter açylan gülüňe,

Gurban bolsam gül ýüzüňe, bal ezilen diliňe,

Öldürseň-de özüň öldür, berme duşman eline,

Arzuwyma ýetsem duşman, mat bolýa-da Sona jan.

 

"Serhoş" aşyk bolup geldi, gözleriňden amana,

Öter eýýam galmaz döwran, gitme nahak gümana,

Ýetdi nobat ikimize, hoşluk etmek zamana,

Bu gazallar bizler üçin ýat bolýa-da Sona jan.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله