SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
LÄLE GYZ

 

               LÄLE GYZ

 

Nowruz güni ýyl dolanyp gelse ýaz,

Bilbil gunça güle eder yşwa-näz,

Okyr magşukyna hoşluk gazal-saz,

Şad-u hurram ömr ötürýär läle gyz.

               Geldi ýene bahar pasly läle gyz.

               Gül bitipdir gülüstana läle gyz.

 

Biz obanyň tokaýlary, baglary,

Doly bolýar läle gülden daglary,

Bahar aýy säher turan çaglary,

Çeşmelerden suw getirýär läle gyz.

               Geldi ýene bahar pasly läle gyz.

               Gül bitipdir gülüstana läle gyz.

 

Bezenýändir gök ýaşyla çölleri,

Doly bolýar guba gazdan kölleri,

Gelmedi diýp garar uzak ýollary,

Ýar ýolunda köp oturýar läle gyz.

               Geldi ýene bahar pasly läle gyz.

               Gül bitipdir gülüstana läle gyz.

 

"Tagy Serhoş" kyrk geçirip salyndan,

galam bilen sözletdirdi halyndan,

her ne ýazsam azdyr gara hayndan,

haly dokap iş bitirýär läle gyz.

               Geldi ýene bahar pasly läle gyz.

               Gül bitipdir gülüstana läle gyz.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله