SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
JAN EJEW

 

               JAN  EJEW

 

Eý agalar düşdi gözüm bir gülşeniň gülüne,

Bagbansyz bitipdir şol gunça Türkmen çölüne,

Soraşdym ol gülüň adyn, Ejew geldi diline,

Bir göremde yşk ýüregim boldy berýan jan Ejew.

Eý Ejew janym Ejew, ýandy bagrym jan Ejew.

 

Jan Ejew meňzär ýörişiň tawus guşuň näzine,

Gursak-döşüň ogşaýandyr kölüň guba gazyna,

Monjuklaryň sesi taýdyr nazarlynyň sazyna,

Pyrkatyňdan gara gözüm boldy girýan jan Ejew.

Eý Ejew janym Ejew, ýandy bagrym jan Ejew.

 

Ýalkymy bar ülkämizde, dogaýypdyr aý bolup,

Sahylykda berse bize goşa naryn baý bolup,

Dodagyndan pusa alsaň ýokar ol gök çaý bolup,

Ýar ýolunda ýürek bagrym boldy berýan jan Ejew.

Eý Ejew janym Ejew, ýandy bagrym jan Ejew.

 

Bende "Serhoş" Günbet ilden aýdýandyr zar bilen,

Sazyna heň berip çalsyn bagşylar dutar bilen,

Razy bolma gözel sonam ötmegime ha:r bilen,

Söbügiňden aýrylmaram gitseň her ýan jan Ejew.

Eý Ejew janym Ejew, ýandy bagrym jan Ejew.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله