SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
YŞK ADYNA

 

                        YŞK ADYNA

 

Tirsegme söýenip, pikire batyp,

Galam aldym yşk adyna söz gatyp,

Satar sen mertleri namart aýagna,

Ne gördüň Kenganly Ýüsübi satyp.

 

Akyl belasy sen dälilik başy,

Garry, juwan bary dadar bu aşy,

Güldürer sen gähler gaýgy salar sen,

Düşse ýoluň çeker ýüküň her kişi.

 

Sen Leýlini etdiň dünýä jenany,

Däli etdiň Mejnun tekin danany,

Ýaýratdyň däli diýp Mejnuniň adyn,

Weýran etdiň ýoluň düşen hanany.

 

Bal dodakly, galam gaşly sen etdiň,

Gaty ýürek, gara daşly sen etdiň,

Köp ýürekler senden ýaňa bolup gan,

Selbinýazy sünbül saçly sen etdiň.

 

Kitaplar ýazdyryp dessan düzdürdiň,

Köpleri agladyp gözün süzdürdiň,

Han Saýat yşkyna aşyk Hemrany,

Öý-ili tanytman seýran gezdirdiň.

 

Iki yşka duçar etdiň Tahyry,

Sözletdirdiň Molla Nepes şahyry,

Tatarda zöhräni eýleýip gerýan,

Şat etdiň Bagdatda gözel Mahymy.

 

Ýaýratdyň jahana Perhat adyny,

Ýakyp ýüreginde şirin oduny.

Ýetişen bolmady hak yşka eý dat,

Kim eşitdi gulak asyp dadyny.

 

Sen yşyk, indiki etdiň giriftar,

Biz bilen bolar tek etmegil reftar,

"Serhoş" hem galamyn alyp eline,

üstüňden ýol salyp eýledi guftar.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله