SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
YBRAT ÜÇIN

 

            YBRAT ÜÇIN

 

Gaýanyň astynda  çeşmäň başynda,

Düşdi gözüm keman gaşly geline.

Ýygylypdyr bir bölek gyz daşynda,

Alypdyr küýzäni mermer eline.

 

Monjugynyň sesi saz tekin ýokar,

Haraman ýöreýip ogrynça bakar,

Boýur-boýur gözleriňden ýaş döker,

Habar aldym bu söz geldi diline.

 

Ömrümden geçipdir on ýedi bahar,

Bu keç reftar pelek eýledi gahar,

Turup nalyş eýleýir men her säher,

Haýsy bilbil bakmaz biten gülüne.

 

Dokuza ýetmeýär ärimiň ýaşy,

Jübsündedir mydam aşygy, daşy,

Ýokdur çäräm derýa atmasam läşi,

Ýa çykmasam suwsuz ýeriň çölüne.

 

Ne günähim bardir ýakdylar meni,

Göwün telwas edip bakar men seni,

"Tagy Serhoş" görup şeýle bir zeni,

Ybrat üçin galam aldy eline.

 

           

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله