SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
DEHISTANYŇ IÇINDE

 

            DEHISTANYŇ IÇINDE

 

Aýlanyp, dolanyp güzerim düşdi,

Läle biten gülüstaniň içinde.

Şaýlanyp bir gelin deňimden geçdi,

Gördi gözüm dehistanyň içinde.

 

Alma dek ýaňagy, sadap dek dişi,

Haraman näz edip maral ýörişi,

Takat getirmäge saýlaýar kişi,

Läle biten bir bossanyň içinde.

 

On alty ýaşly diýp açyldy dili,

Meýesser endamy inçeken bili,

Gynansak hem bildim Türkmendir ili,

Öýi barmyş dehistanyň içinde.

 

Habar aldym hemdem ýaryn özünden,

Bir ah urup gan ýaş dökdi gözünden,

Beýle aňdym dile gelen sözünden,

Otlar ýanar şu hassanyň içinde.

 

Altmyşdan ötüpdir äriniň ýaşy,

Agarypdyr saçy, sakgaly, gaşy,

Gaýgydan açylmaz "Serhoşyň" başy,

Ýalan ýokdur şu dessanyň içinde.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله