SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
NURÝAGDY AGA

 

NURÝAGDY AGA

 

Nurýagdy aga pyçagyny çalgym daşa çalyp, ýurt çalyp gelýän Gurbangylyç atly sakgaldaş dostunyň hormatyna, söwüş soýmak üçin gulagy täze çäklenen alaja dalgyr çebşiň üç aýagyny güýläp, damagyny çalyp, pyçak awusyna jydamany çäbelenip ýatan haýwanyň jany çykandan soňra ganyny ýuwup çalgy bilen çalan otunyň üstünde ýatyryp derisini ýüzmäge durdy. Janlyny ýüzüp bolandan soňra gyrakda goýdy-da süýji içegini iç ýag, bagyr, öýken, böwrek, dalak, ýelinini, kesip gaba saldy. Soňra çatylbyny geresläp, sagryň çüýçükliginden kiçijek aýpaltany salyp döşüne barýança iki bölüp, gol-butlaryny kesip, baryny kersen-çanaklara saldy-da pyçagyny ýuwup gynyna salyp, "bir çaýlyk bolanmyka diýýän" sözi bilen myhman bilen ak öýe girdiler. Nurýagdy aganyň gartaň aýaly Nurtäç eje bolsa, alaja keten saçagy törde düşäp gök çaý, turşy çüýçük, gök üzüm, peýwendi erik, turşy leýmun, künjüli kesmek, toşaply sary ýag, sargan ýaly goýy gaýmak, mele myssyk tamdyr çöregi ara getirip içi towuk tenden doldurylan ýassyklary tirseklenip, uzanmaga orta oklady. Iki dost süýji söhbetli içen çaýlarynyň demkeşleri boşanyny bilmändir. Ýöne Nurtäç ejäniň lakyrdap duran gara tüňçe we galdawlardan soňraky demläp ara getiren çaýyny içenlerinden soňra maňlaýlary çygjarmaga durdy. Şeýle bir wagtda hem goýunlar ýataga gelmegine görä, iki dost çaý dogasyny okap: "Goýunlara aralaşaýly!" diýip, öýden çykdylar. Görseler çolukoglan öri meýdanda bakan ýoz goýunlary getiripdir. Bir az salym geçenden soň, sagylýan goýunlar hem ýataga gelip, daşy çetiden gabalan tegene girdi. Sagynçy gelin-gyzlar Nurtäç eje bilen çoluk we çagalaryň tutup getiren goýularyny sagyp tegenden çykardylar. Goýunlar sagylyp azaldygyça tutmagy kyn bolup gergenek bilen tutup sagylyp baýandan soňra güneýde bakylyp ýören guzulary depäň arkajyndan enelerine garşy emişdirmäge göýberdiler. Guzularyň çozup mäläp gaýdyşyny göreňde bir goşun ordasynyň duşmana garşy çozup talanan zadyny ele getiren soň ýitginiň yzynda gezişi ýaly guzular hem enesini tapjak bolup, bu goýundan ol goýuna sümsünip enesini emmäge durýar. Enesi bolsa guzyny ysgap öz guzusy bolmagyndan göwni jaý bolandan soň süýt damarlaryny gowşadyp süýdüni iýdirýär. Wagty hoş bolup duran Nuraýagdy aga bilen Gurbangylyç agany Nurtäç eje: "Bagyr öýkenli batyrma bişirdim. Geliň naharlanyň!" diýip, öýe çagyrmagy bilen, iki dost ýene bir gezek saçak başynda oturdylar. Çörekbatyr nahary iýip, doga okalandan soň, Nurýagdy aga Gurbangylyja ýüzlenip: "iýen damagymyzy siňdirmäge bir gök çaý bilen araň barmy?" diýip soraşanda, dosty: "Menä Türkmeniň doýan ýeriňde doklugyňy sigdirme, diýen meseline görä, ýurt çalyp nesip bolsa gün batmaka, obamyza aşmaga ýola düşsem oňat bolarmyka diýýän, ýöne iýen zorly damagymyz çölde suwsatmazlyk üçin bir käse çaýa ýarty galam guruk ýag atyp çaý çorba edip berseňiz içip ýola düşeýin" diýip, çaý çorbany gyzgynlygy bilen başyna çekdi-de atyny eýerläp: "Hoş Alla Yaryňyz!" sözi bilen ýola düşdi. Nurýagdy aga myhmany ýola salyp gök çaýy içip otyrka aýalyna berýän gürrüňde: Gurbangylyja gitdi, ýöne hudaý bizi myhmansyz goýmaz, ýene bizi ýatlap gelen dost-ýar tapylar" diýip, düş almak üçin uzandy.

Döwletli maldar Nurýagdy aganyň myhman söýerligi "Mihmanyň yrsgaly özünden öň geler" diýlen meselini ýada salýar. Meniň pikrimçe Türkmen halkynyň bu ajaýyp myhman söýerlik däpleri her bir ilde tapylmagy kyn bolsa gerek.

 

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله