SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
BAHAR

 

BAHAR

 

Bahar aýy diýseň görkli eken. Tebigatyň sungatyna pikir edip oturşyma höweslenip birdenkä ýüregim möwç urup çaý çöregimi içip-iýip bolamdan soň, al depel sekilje atymy eýerläp, münüp ýola düşdüm. Meniň maksadym Masan deresiniň boýunda eken däne ekeranlygymy ýakyndan seredip-de Ýazgeldi aganyň öýüne myhman bolmakdy. Şäherden indi saýlanyp çykan wagtym ilki gözüm düşen çopanlaryň biri ýedi bogun tüýdügüni, elkin goşuny ýükläp barýan ak aýgyr eşeginiň üstünde çalyp-da goýunlary bolsa täze urban guzulary bilen gök ýaşyl gyrtyç ýaz otuň üstünde oýnap böküp ýörenlerine gözüm düşdi-de tebigatyň hekmetine pikir ede-ede ugra berdim.

Bahar tebygaty biziň gara toprak meýdanlarymyza  hem ajaýyp görküni saçan eken. Her ýere seretseň gök ýaşyl bolup, ýaz ýeline ygşyldap oturan arpa-bugdaý ekinleri görseň boljak. Dere-depe boýunda hem läle we her tüýsli reňkde açylan güller täze ösüp barýan juwan gelin-gyzlaryň boýnundan asan gyzyl, sary, mawy monjuklary ýaly, bahar tebigatyna aýratyn bir görk berip husnuny müňlerçe artyk edipdir. Meniň atym selkildäp ýol ýörise-de gün ortadan indi agan zamany ýazgeldi aganyň ýaz ýurtly goýun öýüne baryp duşdum.  Atymy öýüň gara ýeňsesinde gazyga baglap, iýim torbay çitme horjunyndan alyp öýle iýmini berdim-de Ýazgeldi agaň öýüne salam berip girdim. Ýazgeldi aganyň gartaň aýaly Gurabantäç eje bolsa: "we äleýkümüssalam" diýip töre geçmek höziri etdi. Oturyp aman-saglyk soraşamdan soň: "Hany ýazgeldi aga görünmeýärä?!" diýemde, "Ýazgeldi aga-da çopanlaryň çaý-süýdüni berip goýunlaryny ürüzmäge ýaňja dereden indi. Meger bir az wagtdan gelse gerek" diýip, bir demkeş çaý bilen täze ojakdan çykaran gömme çöreginiň külüni kakyp bir okarany dolduryp sary owuz ýaly bolup gaýnan goýun süýdi bilen bir käse gaýmagy öňümde goýdy-da gaýnap duran gara gazany üç aýakly taganyň üstünden ýere düşürdi. Men hem bolsam bahar tebigatyndan özüme ýeten ilki sowgaty bilen maşgul bolup oturşyma Ýazgeldi aganyň işikden aşyp öýe gelenini bilmändirin. Ýöne onuň: "Bä meniň eziz şahyr dostum gelen ýaly" diýen sözüne ýerimden turup salam berip görüşdim. Ýazgeldi aganyň ýüzi-gözi hem läle gülüň açylşy ýaly diýseň nurany bolupdyr. Diýmek bilen, men Ýazgeldi agany gyşyň ortaky aýynda bazara azyk almaga gelen wagty görem-de onuň syratynda beýle ýagdaý duýmapdym. Ýöne tebigatyň bahar diýip iberen sowgatynyň biri çöl meýdanlara beren ajaýyp görki diýsek-de haýwan, ynsanlarda hem görmek boljaklygyna gözüm ýetdi.

 

Bahar, adyň baş depdere açyldy,

Bahar, jilwäň çöl meýdana saçyldy.

On iki aý bolan bir ýyl içinde,

Üç aýy bahar diýp adyň seçildi.

 

Bahar ýyl başy, sen jahanyň görki,

Berilendir saňa tebigat erki;

Bereketli ýagmyr ýagyp gyş aýy,

Gök ýaşyl güllerden donuň biçildi.

 

Daýhanlar hem gelmegiňe garaşyp,

Gyş söweşli maldar indi ýaraşyp;

Aktokaýda Türkmen bary jem bolup,

Pyragynyň belli güni geçildi.

 

Gyş çagat gollarda oturan maldar,

Sen gelen soň köne ýurduny galdar;

Haýwan, ynsan seniň yşkyňa düşüp,

Gyrtyç biten gök baýyra göçüldi.

 

Her ne ýazsam azdyr waspyňdan bahar,

Ýagmyryň ýagdyrgyl gäh şam-u säher;

Ýamany guraklyk görenler aýdar,

Şol sebäpden gara gumdan gaçyldy.

 

Täze ýyl diýp nowruz baýram tutuldy,

Yigitleri öz ýaryna çatyldy;

Saz-söhbetli uly meýlisler gurap,

"Serhoş" bolup jam şeraplar içildi.


  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله