SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GURBAN AGA

 

GURBAN AGA

 

Gurban aga ertir daň atyp atmaka, ukusyndan oýanyp: "Synja-täret kylaýyn" diýip, öýden daşary çykdy-da, gözüni daň ýyldyza garşy tikdi. Görse ýyldyz aýdan ýerine ýetmändir. Bir az ir oýanmagyna öz-özünden pikir edip" Alla! Şu ömrüme çenli belli wagtda oýandyrýan kökli-jaňly sagatym bolmasa-da hudaýyň birligine we peýgamberiň berhaklygyna iman getiren ýüregim ýaňyşmany mesjidiň sopusynyň Alla-u Ekber diýen sesine oýandyrýardy, meger bolsa öten agşam Baýram sakgaldaşym bilen Annadurdy aganyň ogul öýerip gelin alýan at çapgyly toýuna gimäge höweslenip ýatanyma görä tiz oýananmykam?!" diýip öz-özüne düňürdäp, gara depel mest atyna garşy ugrady. Ony timarlap bolandan soň, Baýarm aga bilen çaý-damak içip-iýip ugramagy maslahat bildiler. Şoňa görä-de älem-jahan ýagtylananda sakgal-murty tymarlap özlerini bezäp, toý gatanjyny atlarynyň öňüne salyp, Annadurdy aganyň obasyna garşy ugradylar. Gün orta ýetmäkä obaň gyrasyna ýetip obadaky toýa ýygnanan adamlara Annadurdy aganyň ýakyn dostlary gelenini bildirmäge tüpeňleriniň agzyny göge tutup atlaryny çapdyryp ok baryny saýmaga durdular. Annadurdy aga bolsa: "Bä meniň eziz dostlarym gelen eken" diýip, at tutmak hökmüni etdi. Gurban aga bilen Baýram aga bolsa toýy gutlap ak gamyşly, bili nagyşly ak öýe girdiler. Gurban aga bolsa Annadurdy aganyň aýaly Aýjemaly görüp öten zamanlary ýadyna düşüp toýuny gutlap degmelemäge durdy. Ol kyrk ýyl mundan ozal dogry on ýedi ýaşynda Aýjemala guzy gaýtaryp, goýun sagýan wagtynda aşyk bolup guzularyny tutuşýany we nesip bolmany bir-birine gowuşmany ýadyna düşüp köne derdi täzelendi. Gurban aga Aýjemalyň körpe oglunyň öýlendirmek toýuna begenýäni, ýa-da ata-enesiniň bilim azlygyna görä täsip edip, gul-ig diýlen sözi bile Aýjemaly alyp bermäni şeýle bir şadyýanlkda mundan hem ýakyn bolup bilmeýän hasratyn çekýänini oturanlara belli bolmasa-da Aýjemala günüň şöhlesi ýaly bellidi. Ylaýta Gurban aganyň Aýjemalyň ýerine düşen aýalyndan hem öngüni bolmany zurýatsyz geçmegine gam basyp otyrka ýaşuly we ýagşy ýigitler öýle namazy okyp: "Geňeş toýy başlamaga çapgy meýdana garşy ugraýly" diýip, maslahat etdiler. Gurban aga gyzyl donuny geýip, gara depel atyny Teke jul ala buýunsa kümüş şaý esbaby bilen bezäp bäş atar tüpeňiniň guşagyny boýundan geçirdi-de puhar telpegini selpildedip Baýram aga we Annadurdy dosty bilen atlanyp çapgy meýdana garşy ugradylar. Gurban aga bir semiz öküz toýuň göreşine gatanç berse-de bir top türme şaly Annadurdy aganyň öňden süýrentgi alyp gaçmak pikre düşüp gara depel mest atynyň buduna gamçylady. Gurban aga at münmäge her näçe çeper hem bolsa türme şal atyň aýagyna çolaşyp tasap, durar ýerde durmany bir uly jardan yrgyýanda, bagty şor Gurban aga kuwaty kemligine görä atyň üstünde otura bilmäni ýere ýykyldy-da tüpeňiň aýagyna sini ilip bir ok sesi geldi. Baryp görseler Gurban agaň gursagynyň üstünden gyzyl ganyň özi ahmyrly açyk giden gözüniň daşynda üýşüp hata bolupdyr. Gurban  agany toýy ýasa dönen aýjemlyň öýüne getirip, Aýjemalyň özüne niýetläp goýan köpüni bilen donap obaň ýakynynda çapgy meýdanyň gyragyndaky depäň üstünde jaýladylar. Gurban aganyň öz öngüni bolmasa-da, Aýjemalyň islegine görä soňra dogan ogul agtyklarynyň birine Gurban aganyň adyny dakdylar. Indi bolsa şol ýigit şehitlije atly maldarlaryň ýaýlak ýurdy bolan çölünde oturýar.


  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله