SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
AÝSA BIBI EJE

 

AÝSA  BIBI  EJE

 

Biziň ýakyn goňşulygymyzda oturan Aýşa bibi ejäniň hem ýaşaýyş ýagdaýna seredip ýalýşyndan ybrat almak erbet bolmasa gerek. Onuň ýaşynyň sany elli ýyldan ötmedigini bilmek boljak. Ol her gün ertir daň atyp atmaka ýerinden turup, mor depel tüwe sygrynyň süýdüni parahatlyk bilen sagjak bolup: "Höwlim-höwlim mor depeljäm!" diýe-diýe dälişge tüwesiniň söýnük bilen karar tapýan owazyny täze dogan çagalary hüwdülenşi ýaly hiňňillenip sagýar-da namazyny okamaga durýar. Ol namazyny okap bolandan soňra hem ýüz ýigrim dört müň ötüp geçen pygamberleri sanaýan ýaly bolup sopularyň barça ýatlaýan oňat kelanlaryny namazlygyň üstünden turmany zikir edip dogry bir ýyl mundan ozal goşun gullgyna giden gelinli-çagaly Abdylla atly ýeke oglunyň hakynda hem saglyk dogasyny okaýar. Ol soňuny saýgarmany: "Öz gözümiň açyklygynda Abdylla janyň toýuny tutmasam bolmaz" diýmegi bilen Derýaguly aganyň: "Haý aýal! Oglumyzy goşun gullugyny gutarmany öýlendirmek garbyş işdir" diýen nesihatly sözüne hem seretmäni bar ýogundan geçip gelin alanyny we indi hem geliniň buruljyp, her bir Abdyllanyň ady dile gelende gözlerinden buýur-buýur ýaş döküp oturany ýadyna düşüp eden ýalňyş işine ökünip, aňrysyna ýetip bilmese-de, "Iş gaýgyny basar" diýip, Baýramtäç atly dokmaçy gelinini bikär goýmajak bolup onuň darap pişge eden ýüňlerini egirmek bilen harasat gününi agşama ýetirýär. Aýşa bibi eje Nowruz aýyň irigmäni ýagýan ýagyşly günlerinde öz öýünde karar tapmany, ertir damak çaýyny iýip-içip, Baýramtaç gelinine: "Derýaguly aganyň gün orta nahar tetärigini göreweri, men goňşym Ogulbäbek hajynyň öýüne oturmaga gitjek. Agşama çenli güýmensem gerek" diýip, tabşyrgysy bilen bir gujak pişgäni gapdaly çyzyk atan ykmaçly igini eline alyp: "Meniň garry kempir enemiň ýanynda oturmaga geldi" diýmek bilen, "Meniň  Hydyr atly ortanjy doganym hem Abdylla bilen goşun gullugyna gidipdi. Şoňa görä ýürk-ýürekden suw içer diýlşi ýaly iki garrynyň sözleri köplenç Abdylla bilen Hydyryň  üstünden aýrylmaýardy. Ýöne hydyryň goşun gullugyny gutarmany öýlenmezlik niýýeti bolmagyna görä, yzyndan gaýgy-gamy ýoklugy täze ýakynlykda enemiň adyna ýazyp iberen hatyndan belli bolýar. Dogrusy-da yigitleri goşun gullugyny gutarmany öýermek ýalňyş işleriň biri diýp Aýşa bibi ejäniň ýalňyşyny ybrat sapagy etsek, erbet güne düşmesek gerek.


  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله