SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
OGULJAN GYZ

 

OGULJAN GYZ

 

Biziň şährimizdäki orta mektepde okap ýören gyzlery ýakyndan görmegiň hem aýratyn höziri barmyş.  Men ol täze açyljak gülüň gunçasyny ýaly bolup ylym bostanynyň içinde biten gülleri şol ýere örän ýakyn bolan dostumyň öýünden syn saldym. Gyzlaryň bir näçesi öýlerinde ata-enesiniň gaýgyly geplerinden pikir parahaty bolmazlygyna görä we ýa medresede ýaşaýan boýdaş gyzlaryň arasynda ýaz günleri isli-kokly gülli bostanlarda şatlyk edip saýraýan bilbil guşlar tekin öz deň-duşlary bilen top oýnap, böküp-towusyp ýörenlerini oňat bilýän. Şu gyzlary görer bolsaňyz olaryň gaýgy atly kesel bilen tanyşmazlyk niýetleri barlygyny örän bir az syn bilen aňlamak boljak bolar. Öz okuw bilimini artdyrmakdan daşgary-da tor egin-başlar örmek we nakgaşlyk edip çekýän suratlary we jaýlar, ýollaryň tersimi hem mekdephanada bilimli mugallym aýallaryň berýan sapaklaryndan ybaratdyr. Şu medersäniň alty klas okuwçy talyby bolsa-da her bir klasyň okuwçylary üçin bir hepdäniň otuz sagatlyk okaýan wagtyndan üç sagaty werziş atly oýnuna karar berilipdir. Şeýle bir sagatlarda gyzlar woleýbol, basketbol, gimnastik, ping-pong we ýortup ýaryşmak ugrunda ilkinji orunlyk makamyna ýetmek üçin edýän talaşlaryny bilmek boljak. Men birdenkä ýigrim dört ýyl mundan ozal, dogry bir müň üç ýüz ýigrim bäşinji şemsi ýylda täze medersä baramda aýal mugallymanyň  gytlygyna görä, şol zamanyň gyzlary bilen bir jaýda bolup okanym ýadyma düşüp häzirki eýýamyň medrese mugallymlaryny gerňäp gördüm.

Indi bolsa ençeme okuw jaýlarda öz Türkmen gyzlarymyzdan mugallymçylyga ýetip, şeýle bir mukaddys ýerleri ylmynyň şöhlesinden ýagtylandyrmagyny we keselhanalarda hem köplerçe aýal doganlarymyz doktorlyk makamynda hassa bolup gelenlere sagaltmak ugrunda talaş etmeklerini görüp beýle bir okuw jaýyň uly makamyna oýlanyp durşuma Oguljan atly gyzy görüp tanadym. Men oguljany bir müň üç ýüz kyrk ýedinji ýylyň okuw synanşygy gutarandan soň orta mekdebiň üçünji klasynyň synanşygynda iki ýüz kyrk alty özi ýaly gyzlaryň içinde birinji orun makamyny eýelenmegini gazete ýazylanda görüpdim. Oguljan gyz boý syrdamy woleýbol, basketbol oýnamaga mynasyp bolsa-da top oýnap towsup ýören boýdaşlary bilen işi ýokdy. Ol bu dünýäniň yşratyny bilmeýän ýaly bolup öz ýitigini kitaplaryň arasynda ýazylan hatlaryň içinde gözleýärdi. Onuň ýitigi meger bolsa-da ylym diýsek garbyş gitmesek gerek. Diýmek bilen, Oguljan gyzyň atasy Ilmämet hem ata-enesiniň bilmezlikden köp okan kapyr bolar diýlen söze görä medreseden çykaranlary we öz deň-duşlary medreseden galmany bir maksada ýetişenleri ýadyna düşüp: "Indi bolsa gyzym Oguljan men saňa guwanýan" diýip oňa söýgi berýän sözleri bilen ylma ykjamly höwesleri ýüreginde joşdurmagyny öýlerine Gurban aýdyny gutlamaga baramda görüpdim. Men özüm şeýle bir ylym üçin talaş edýän Türkmen gyzlara guwanyp, olaryň adyna aýratyn dessanlardyr, goşgular ýazmaga höwesim köplügine görä sözümiň soňunda ylym adyna goşan goşgymy ýatlap geçmegimi ýersiz görmedim:

 

 

 

Ylym, sen eder sen gözleri ýagty,

Ylym, sen açar sen alyma bagty;

Eneden dogandan göre girýänçäň,

Talaş et ylm üçin az däldir wagty.

 

Ylm, seň yzçylaň doýmaz isiňden,

Altynlar döreder kümüş, misiňden;

Bagban gülüne gulluk eden dek,

Suw beriň daýansyn ylmyň daragty.

 

Ylym, seniň miwäň süýjüdir datly,

Ylym, seniň çagaň şöhratly-atly;

Ösümli sen, ösdüň bilim ugrunda,

Uly bolup gurduň dünýäde tagty.

 

"Serhoş" bolar her kim ylyma uýsa,

ylymdan galmaňyz agýarlar goýsa;

ylym gämisine münüp biläýseň,

sen üçin getirer iň uly bagty.


  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله