SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
MÄMETGURBAN AGA

 

   MÄMETGURBAN AGA

 

Ýaz aýlary gaýra çöllerimizde ýaşaýan goýun maldarlary ýakyndan görmegiň hem aýratyn höziri barmyş. Şeýle bir günlerde garabasaga ýaly bolup gelip geçen garly-aýazly her bir ota-çöpe eliň degende kesim-kesim edýän sowuk howany başynda geçirip çakganlyk we daýawlygy bilen özi kynçylyga düşse-de goýun guzularyny horlamany ýaza ýetiren maldarlaryň biri hem Mämetgurban agadyr.  Men Mämetgurban agany çoluk oglanlaryň bakyp getiren guzularynyň ýokumly saz tekin sesli owazyna guwanyp gök ýaşyl bolup gögeren gyrtyç oyuň üstünde sol eliniň tirsegine söýenip söýünip ýatan wagty duşuşyp salam berip görüşdim. Mämetgurban aga: "Wäleýkimis-salam" diýip, aman-esenlik soraşandan soňra: "Hany myhman ýigit, öýde oturşyk edeýli-de!" diýip, hormat etmegi bilen: "Kerim jan, myhmanyň atyny tutuň" diýip, öýüň gaýra ýeňsesinde gara depel kössekli atyň guşluk iýmini berip duran Kerim atly ogluny çagyrdy-da meni ak gamyşly täze durluk eşikli ak öýe saldy. Mämetgurban aganyň aýaly bolsa myhman sylagyna peşmek baryny ojagyna salyp otlap suuwdan doly gara tüňçäni gyragynda goýdy. Gara tüňçe bolsa lowlap ýanan peşmegiň oduna takat getirmäni lakyrdamaga durdy. Mämetgurban aganyň aýaly gyzyl ala demkeşlere çaý atyp demledi-de, ojakdan täze çykaran külli çöreginiň külüni kakyp süpürip, goýunyň täze mesge ýagy bilen öňümizde goýdy. Biziň ýaly şäherli ýurtlarda nebat ýagyny iýip ýören adamlaryň agzyna mesge ýagy dogrudan hem ýokumly gelýänmiş. Ylaýta garpyz toşap, gök üzüm, peýwendi erik, turşy leýmun we dürli çüýçük nabatlar hem çaýa grek zatlary diýip, ýanynda goýulsa oňa ýeter datly tagam gytlygyna gözüm ýetişdi. Bu ýagşy nygmatlar gije-gündiz biziň gözümiziň öňünde görünse-de şaheriň harasat günli galmagaly bilen göze gelmeýänmiş. Mämetgurban agany süýji söhbetli içen gara çaýy gandyra bilmedigi ikinji demkeş ara gelmegi bilen belli boldy. Onuň maňlaýy soňraky içen çaýy bilen derlemek ugrunda çygjardy-da, goýunlar gün orta sagym wagty ýataga gelmegine görä: "Kerim, Mämetaman, Bibi jan! gidiň eneňize goýun sagyşmaga kömek ediň" diýip, oglanlaryna höküm etdi. Men Mämetgurban aga agadan: "Müdimi oturýan ýurduňyz şu ýermy?" diýip soraşamda, ol: "Gyş günleri ötümli sowuk ýeller ösende, sörtük gyt degýän çagatlarda-gollarda oturýarys" diýdi. Mämetgurban aganyň goýuna ykjamly höwesi barlygy munuň oňşuk düzgüni ýagşy hatarda bolsa hem gök ýaşyl ygşyldap oturan gyrtyçly baýyrlar we läle gülli çagatly golly depe-derelerden el üze bilmäni: "Şäheriň gowgaly söwdasyndan bizar men!" diýmeginden bilmek boljak. Onuň gözlerine şäheriň dürli iýmiş otlaryndan, daglarda güýz aýynda durna guşlar oturan ýerinden tapylýan domalanlar we baýyrlara çykan kömelekler we obaň ýakynyndaky depelerde gögerýän ýelmik, äjiwe otlar, dünýäniň barça hözirine berimsizdir. Mämetgurban aganyň pikriçe:

 

Tebygatyň görki baglydyr ýaza,

Durnalaryň sesi deger ýüz saza;

Käkiligi güýz aýlary saýraşar,

Näz satar baraga, ördege, gaza.

 

Bularyň barysy tebigat görki,

Berilse gök ota ösäýmek erki;

Guzular gyrtyçdan doýup gelende,

Maldaryň ýüregne düşmeýär gorky.

Diýip, sözüny gutardy-da, meni öz pikrime ýalňyz goýdy.


  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله