SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
HUDAÝGULY AGA

 

HUDAÝGULY AGA

 

Hudaýguly aganyň dogry segsen iki ýaşy bolsa-da, onuň ýüzüni-gözüni görenler daýawlyk we çakganlyk babynda şu zamanyň ýaş ýigitlerinden busmajagyna gözi oňat ýetýändir. Ylaýta Hudaýguly agany Tähran ýaly şäheriň uly çapgy meýdanynda gören bolsaňyz, onuň daýawlygyna ynamyňyz artardy. Hudaýguly aga ýylda iki, kä zamanlar üç ata gulluk edip, olary güýz we ýaz aýlary iliň şatlyk üçin guran çapgy meýdanly toýlaryna taýýarlyk görýärdi. Ol atlarynyň alnyny baýraksyz etmejek boluk gije-gündiz ýadamany atyň mingisini ýetirmek üçin üstünden düşmeýärdi. Men Hudaýguly agany dor sakar aýaklary sekil Teke jully kümüş gaşly eýer çekilen atyň üstünde kümüş saply gamçysysyny oýnadyp barýarka görüp oňa: "At ozsun seýisleriň ussady" diýip salam berip görüşdim. Hudaýguly aga: "Wäleýkimis-salam" diýip, aman-saglyk soraşandan soň, meniň ata ykjanly höwesim barlygyny bilip, il içinde uly baýraklary eýelenen sekilje atly atynyň waspyndan sözlemäge durdy. Ol: "sekiljäni on bäş önüp-ösen oglanlarymdan kem görmeýän!" diýip, onuň çapgy meýdanynda ýortmak pikrine düşüp ara girende, ýanyndaky atlara göz edip: "Men at gazanan sekilje men!" diýýän ýaly bolup gulaklaryny keýkerdip, batlanyp, köneleriň ýaryşa gitjek bedew aty tekin diýenleri ýaly duran ýerinde karar tapmany depirjyp, çeýnenip duruşyndan taryp ediberdi. Hudaýguly aga birdenkä ýetmiş iki ýyl mundan ozal dogry on ýaşlygynda mes aýgyr eşekden ýykylyp aglap öýe gelende garry seýis daýysynyň: "hä! Hajyguly bolasyň barmy, Hajyguly bolsa ýyldyrym tekin bolup çapyp barýan atlaryň üstünde eýere ýabşyrlan ýaly bolup oturardy. Sen bir çaman eşegiň üstünde otura bilmeýäň!" diýip, gyjyt beren sözleri ýadyna düşüp we şoňa görä erjellik edip: "Men Hajygulydan hem artykmaç bolaryn!" diýip, ussat daýysynyň ýanynda at oglanlyk edip başlany we daýysynyň beren tälimleri ýadyna düşüp: "Haý-haý balam, bir näçesi men hem seýis diýip ne bir ýyldam atlary zaýalaýarlar. Hany Seýit Naragyzyň alja aty we ýa Ory şahyryň gara depel aty ýaly atlar barmy, olar garrasa maýrylmazdy" diýip, öňki öten ussat seýisleri magtamaga durdy: "Ýöne bolsa häzirki zamanda Sekilje, Gasyr, Muderresi, Çalaw, Heläki, Bozja ýaly atlar gowy ýortsa-da Sekilje bilen Muderresiden beýlesi maýrylyp meýdandan çykdy" diýip, sözüne dowam berdi. Hudaýguly aganyň agzy gürrüňe gyzyp birdenkä merhum bolan atçy ýylkyly Gökleň doşty Adna Sähet Han we Atabaý iline baş bolup Kümmet Gowsa kethudalyk eden Satanlak Sary we onuň egindeşi Anna Gasyr we Japarbaýdan Muhat Neçjarynyň Türkmen at çapgysyna eden hyzmatlaryny magtamaga durdy. Hudaýguly aganyň dertly ýüreginiň gürrüňi gutarmasa-da, günüň şöhlesi gutaryp, ikindi namaz wagty bolmagy belli boldy, sebäbi Hudaýguly aga bir eliniň aýasyny maňlaýyna goýup güne garşy seretdi-de: "Balam! namaz wagty bolupdyr. Menä metjide gitjek" diýip, hoşlaşmagy bilen meni öz pikrinde ýalňyz galdyrdy.

Hudaýguly aga bir müň üç ýüz kyrk ýedinji şemsi ýylda Tähran şäherinde aty çapyp barýarka, garpyp ýykylanda, bäş gapyrgasy döwülmegi sebäpli, ençeme günler keselhanada ýatyp, ýarasy togtamaga: "Ölsem-de atyň üstünde öleýin!" diýmek sözi bilen ata münüp, birinji baýragy eýelänini uly gazetler hem: "Biz bu garry ussada guwanýarys" diýip, suratyny ýabşyryp ýazanlary ýatlardan çykman at çapgy we seýisler taryhynda uly şaýatdyr diýip ýatlasym gelýär.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله