SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
تالیفات > شوردان تاپیلدی > Latin > EDEBI ÝAZGYLAR > AT, ATYŇ EÝESI, SEÝISLER ADY
AT, ATYŇ EÝESI, SEÝISLER ADY

  

AT, ATYŇ EÝESI, SEÝISLER ADY

 

Atyň, at çapanyň ady galsyn diýp,

Geregini höwesjeňler alsyn diýp;

Goşgy bilen at taryhyn ýatlaýyn,

Bizden bir balaja hyzmat bolsun diýp.

 

Eýran Türkmen seýisleri ýazar men,

Bu ugurda edebi söz düzer men;

Ýöne ilki ussatlary ýatlaýyp,

Boýnumdaky bar karzymy üzer men.

 

Rugsat bilen ilki garry ussady,

Hudaguly Ak diýp ussadyň ady;

Başlaýlyň soňuny göräsek bolar,

Heläki, Eltezer göwnüniň şady.

 

Garryja Ahuny, Esen sakgary,

Tutardy Turany gaçan Tokgary;

Arzuwy at bilen ömür sürmekdi,

Aýdardy at bolar ömür kök gory.

 

Bu ussadyň lakamy hem mürzedi,

Durşy bilen gaýrat idi urzady;

Gep tapmaga, her kime don biçmäge,

Ussat idi özi uly derzedi.

 

Ussat Ýazly çapdyrardy Kasyry,

Ýeňip gitdi ussatlykda asyry,

Bererdi elmydam süýji gatlama,

Seýislikde ýokdy kemi-kesiri.

 

Geldi bilen Orazguly Sedakat,

Ellerinde bardy mydam ýüwrük at,

At gorduryp daramdan soň meýdanda,

Bürärdi keçäni alty, ýedi gat.

 

Aköýli Sedakat Geldiň zurýady,

Seýis boldy diýip çykandyr ady;

Myhman bolup barsaň ýaşan ýerine,

Döker saçagyna düregeý zady.

 

Kahrymanlyk çapgysynda gördüdiler,

Izedi-ge žiýan maşin berdiler;

Geldi Sedakatdy onuň seýisi,

Ýüwrük gyra syn salyban durdular.

 

Orazmät Orakçy atlanyp geçip,

Ömrüniň çyrasy ir zaman öçüp;

At oglany Allamberdi Tatarmyş,

Çapdyrjak atyny alarmyş seçip.

 

Şämir seýis, Pyhy Tumaç ussatmyş,

On aýlaw hem maýrylmaga köp zatmyş;

Maýrylyp geläse çapgydan soňra,

Ony bejermek hem uly şöhratmyş.

 

Gara At çapardy Ärjik hajy hem,

Allam baý adynda Merjen bajy hem;

Jemal heleý ady çykdy at bilen,

Galar, çykar, bardyr süýjy-ajy hem.

 

Tatarguly hajyň Gara Jereni,

Haýran ederdi ol synlap göreni;

Anna Şamyr çapdy batlanyp mydam,

On ata degerdi derläp durany.

 

Dini Hajy çapdy Kuhy Nur atly,

Bolardy meýdana çykanda batly;

Garaja weli hem çapdy Morsaly,

Ödekguly münüp perýatly-datly.

 

Mämet Japarbaýyň aman sarysy;

At hem bolsa ýaby syrat ýa:rysy;

Näçe toýda ula Çapan zamany,

Ýanyndaky atlar galdy barysy.

 

Ärmi seýis çapdy alja ýasany,

Ýüwrükligni etmez haşany;

Çaýyrçyda çapyp birinji bolup,

Begendirdi Hanym doktor Aýşany.

Hekimguly çapdy märekä bakyp,

Baýrakda bar idi hotazyn dakyp;

Gy:r Küle Abyly Gammy çapardy,

Neçjary gelerdi begenip böküp.

 

Ataberdi Ýomut Nurgylyç Ýolma,

Nepes Ak Börüge diýerdi solma;

Hallyberdi müştegi hem Gurbanmät,

Çapanda diýerdi biderek gülme.

 

Aman Teke çapdy bir näçe bozy,

Güldürip gyrardy Şammynyň söz;

Aýmämet Hajy hem Gekdi Molla-da,

Çapardy Hojanyň şolarda gözi.

 

Her kim dil uzatsa Hoja dädeme,

Men özüm garşy men beýle adama;

Dil uzadyp bolmaz gaharjaňlara,

Ajy diýmek bolmaz her bir badama.

 

"Ata kesbi ogla..." diýilşi ýaly,

Boljak oglan belli bolýandyr haly;

Erejep Gylyç Hoja dädäň ogly hem,

Seýisdir kyrk bäşe ýetişdi saly.

 

Gurbanguly seýis Gökleň Paşaýly,

Turajy çapardy diýseň haý-haýly;

Şanazar Han çapdyrandyr keýwany,

Ýüwrükdi meýdanda baýrakly-paýly.

 

Ata Pakga Müşgül, Jorjany Lek-lek,

Çapanda köp zaman bolardylar ýek;

Dazlardan çykan at ýüwrük bolardy,

Edip bolmaz ýyldamlygna güman-şek.

 

Däli Molla seýis bolup ötendir,

Soňra ogly Yrahman hem ýetendir,

Küle atly atly bilen meýdanda,

Tozany tozana dişeň gatandyr.

 

Sähet däli ötdi telpegin goýup,

Saltanmät gyzylja dünýäden doýup;

Pürjan Hanyň Mahy Şapesndini,

Mejit Hoja çapdy syndyrman öwüp.

 

Hajy Magtym Myrat Çille Gyzylja,

Çapdyrdy bir dory çakan gözlüje;

Mäsil seýis Sarly Magtym obadan,

Ussatlyk edendir şirin sözlüje.

 

Golden Reý eýesi Myrat çylledyr,

Ganýokmaz gözüne mysly hulledir;

Sabra gahrymany Kaka Şyh çapyp,

Diýerdi ýortanda göýä gülledir.

 

Esenmyart Gulak özi bir Toýdy,

Ötse-de dünýäden Taganlar goýdy;

Berdi tagan, baýram tagan ýene bar,

At berenler köplenç ellerin çoýdy.

 

Annaberdi Benderşa hem Tahyry,

Çapdy äwçy Partynşap dek gahyry;

Dogry seýis hile bolmaz işinde,

Açyk ýürek birdir batyn-zahyry.

 

Adna Sähet hanyň Hekim köregi,

Müçesi owadan ýogyn gurugy;

Halatguly Paýdar zähmet çekerdi,

Baýrakdan galmazdy Ahu gyrygy.

 

Paşa Haji Baýram berdiň dädesi,

Türkana seýismiş adam sadasy;

Al küle adynda ýaby çapypdyr,

Toýhanamyş atlar bilen wadasy.

 

Baýramberdi Gurçaý kaka Sarly hem,

Gorpuljada bardyr seýis garly hem,

Seýisdir, ussatdyr atlara tebip,

Bejerdi maýrygy barsyz barly hem.

 

Baýramberdiň daşy küzä atyldy,

Täzelikde teni guma gatyldy;

Haýyp garyp bolup geçdi dünýäden,

Geçen güýzde barmaklary çatyldy.

 

Maşat ýylgaý Käbe ogly hem geçdi,

Nurjan Sopynyň hem çyrasy öçdi;

Ajap haýýat eken bu ajal saýýat,

Baýram Çonagyň hem köpünin biçdi.

 

Oraz Keselha hem çapdy at baryn,

Çeker bu zamanlar aýralyk zaryn;

At çapýan seýisler bary bilýändir,

Berdi elden Baýram höwürdeş ýaryn.

 

Ir zamanlar baýtal çapmak geň eken,

Çapgyda at bilen baýtal deň eken;

Ilki Dagdan Keçel çapypdyr baýtal,

Toýhanada mydam dawa-jeň eken.

 

Çapdy Kaka hoja hekim çalawy,

Yslam hem çapardy onki(12) aýlawy;

Heläki, heläki bolup geçendir,

Erejep şeýtanyň bardy Gylawy.

 

Gammy Köçek ýedi sekiz at bilen,

Goşulşmazdy hiç bir zaman tat bilen;

At oglany Ärmi Kaka Sarlydy,

Aýlanardy Hayt Nebi, Çat bilen.

 

Haby Golak şorta sözleri bilen,

Jepbar kör hem kiçjik gözleri bilen;

On atar sarlyny Ataw çapardy,

Igdir Sarly güler ýüzleri bilen.

 

Gürgen Hajy çapdy Şaýlan enesin,

Seýit Niýaz ýylkysynyň sonasyn;

Ahu Ak, Gülbahar köplerçe aty,

Esenmämet çapdy bilmen senesin.

 

Şaýlan atly baýtal al däl-de sazdy,

Onuň tekin ýüwrük meýdanda azdy;

Şadurdy Hajynyň ömür soňunda,

Güýz gyşy ýetse-de elmydam ýazdy.

 

Mätin hajy höwür atlar saklady,

Güýç Jan Hoja öz hakyny haklady;

Aköýli Hajynyň ýüwrük Symabyn,

Kaka Hoja şöwür berip kaklady.

 

Durdy Köseliniň kalby tutuldy,

Salar ýek bolanda birden ýykyldy;

Ömrüniň çöp sany gutaran eken,

Gözleri baglanyp barmak çatyldy.

 

Kaka Emiýne hem çapdy Bozjany,

Şahyryň toýunda döküldi gany;

On iki aýlawda çapyp gen soň,

Çişip ýarylyban berendir jany.

 

Maşrygyň Jemile, Sähra, serdaryn,

Anjan Ownuk çapdy ýene-de baryn;

Hämit  Biçäräniň Çitasy bilen,

Esen Mämet aldy seýisden aryn.

 

Nazdurdy Üçmegi çapdy Apbas Murt,

Aňrysyn bilmeýän bolsa gerek kürt;

Diýermiş Edrise Darymdan soňra,

Başarsaň üstüne galyň keçe ört.

 

Döwlet Hajy atlar çapdy ýaş bolup,

Galmaz idi hiç bir toýdan daş görüp;

Kethudalyk işler ederdi mydam,

At ugrunda Akgalala: baş bolup.

 

Indi bolsa segsen bäşe ýetendir,

Ýetmese-de segsendenä ötendir;

Häzirki ýagdaýda ýaşuly bolup,

Sözi gaýtman islegleri bitendir.

 

Gynanç bilen döwlet däde hem ötdi,

Diýýip Akgaladan habary ýetdi;

Segsen iki ýaşa ýetip ötenmiş,

Aýat-patasyna şahyr hem gitdi.

 

Kömek Japarbaýyň dor ala gözi,

Sary gulak seýis ýörärdi sözi;

Kerim Işan Gapan at oglanydy.

Gahryman bolandyr Tähranda özi.

 

Hajy Geldi Ahun älem-jahany,

Molla Gumman çapdyrandyr mahany;

Abdyrahman Kelte elmydam aýdar,

Şarys Naza goýup bolmaz bahany.

 

Benderde oturyp seýisdir irden,

Pata alandyr ol ussatdan-pirden;

Gerdbad, Tundbaddan önen kürreler,

Meýdanda paýyny alandyr şirden.

 

Çapdyrandyr Arça Hajy Jereni,

Haýran ederdi ol synlap göreni;

Kaka hoja çapyp baýrakda bardy,

Haýyp az bolandyr ömür süreni.

 

Doktor Jahanynyň Margir, Kümmedi,

Ahundy hem bardy köpdi gymmaty;

Gahryman bolandyr bir näçe toýda,

Sebäp boldy Esenmädiň hümmeti.

 

Garawul Täjini çapandyr köçek,

Gelerdi Gökleňden gatlama saçak;

Ykbal guşuň göge uçmaly ilki,

Aty garylasa bererdi paçak.

 

Kaka salyhpur hem çapdy säheri,

Kelte boý hem bolsa gemän gahary;

At oglan seýismiş ýary-hemdemi,

Iýermiş seýisler bilen nahary.

 

Yrahman Alba hem şiriň beçesin,

Dürli nagşa salan akja keçesin;

Tabşyrdy ol esen mämet seýise,

Dohu:n çapyp agladandyr näçesin.

 

Geçdi Käbe işan kürre darydyp,

Minip barýan öz atyna ýanadyp;

Mürze Hywaçy hem Gapur atyny,

Çapdy meýdanlarda ýokdan bar edip.

 

Aman Hywaçynyň Jallyk adyna,

Kaka Hoja çapdy, köpüň ýadynda;

Göçüreni çapdy Gammy Köçek hem

At bolardy iliň köňül şadynda.

 

Mejit Gara seýis şortadyr, ýazdyr,

Orazguly han dek ýoldaşçy azdyr;

Aty çykyp baýrak alan zamany,

Ol gije çadyry aýdymdyr, sazdyr.

 

Ahmat gereý lalja seýsiň gözüdir,

Är kişiniň ygtybary sözüdir;

Ýöne şol zat bir näçede gyt eken,

Ýene dogry Orazgulyň özüdir.

 

Abdy Hoja çapdy Danýal dory,

Pyhym Tewesseliň Nahyt dek gory,

Ot saldy meýdana çapan zamany,

Bakymy ýetip-de bar idi zory.

 

Dogurdy Çekawek atly näzenin,

Tarypyn ýazmak hem örän maňa kyn,

Tagy demirçini ýetirdi arşa,

Ýüwrükdi, taýsyzdy, gerek däldi syn.

 

Seýsi gulmämet, köçekdir asly,

Gaýgyrman çapandyr bahar, güýz pasly;

Çekawekiň hanazady Gökleňde,

Täçmämet hojaýa urýandyr nesli.

 

Näzenin dogurdy soňra Tyllany,

Mişika adynda ýüwrük belany;

Çapandyr bulary onki seýisi,

Eýelerne edip geňeş-salany.

 

Çopan Baý, Gül Pany, Gülsary Baýy,

Beg Han hem heläki atlaryň aýy;

Çogarlardan Akyn Hajyň ýüwrügi,

Benewşe çapanda tapylmaz taýy.

 

Benewşeden, Gül Benewşe döredi,

Gülendam, Gülnamlar soňra güredi;

Hydyrberdi Akyn Gök bolup,

At çapyp meýdanda hekyn sorady.

 

Gylyçdurdy  Çogarlara baş bolup,

Kethuda adyny aldy ýaş bolup;

Hajy Ferejiniň peşgeş atyny,

Çapanda çykandyr aradaş bolup.

 

Ýene Hydyrberdu Žinus Tahyry,

Berdi Kaka Hoja seýsiň mahyry;

Mejit Hoja Pežwäk Jahandidäni,

Çapyp Pežwäk galkyndyrdy şahyry.

 

Pežwäk, Jahandi:de dokuz at bolup,

Gül Benewşe gitdi näçe tat bolup;

Bazar Hajy, Molla Gumman biýnai,

Tährandan gaýtdylar alty gat bolup.

 

Sebäbi Pežwäki birinji boldy,

Şonda gördüm Wekil ireňki soldy;

Baýrakdan daşgary berildi ýahçal,

Mejit Hoja seýis ýylgyryp güldi.

 

Ýöne Wekil ireňki hem solsa-da,

Ikinji boldy diýp duşman gülse-de,

Jahandi:de ýüwrük gaýratly baýtal,

Ady ýatdan çykmaz her wagt ölse-de.

 

Ödekguly Hoja, Bähmenşir bilen,

At gazandy şöwür berip ir bilen;

ýyldamdy Alla diýip ugrandan soňra,

ýetdirmezdi tüpeň atsaň tir bilen.

 

Aly Hojamly hem Daýana, Düwdi,

Watsikreti gören atçylar öwdi,

Salary meýdana çykanda görseň,

Degerdi on ata sagrysy-budy.

 

Köçekden çapandyr gyr dory gäri,

Ýylkysyndam güräp gelýändir bary,

Hajy Molla Sapaýydyr eýesi,

Köpdür at ugrunda namysy ary.

 

Sämira adynda bir tozan turdy,

Toýly Gurbany hem döwranlar sürdi;

Söýün Garrawynyň yhlasy bilen,

Fereýdun ýetdirmez dereje gördi.

 

Sämira ýüwrükden dogdy gahryman,

Kübra tekin ýüwrük görmedi zaman,

Kaka Nyýazynyň täsibi bardyr,

Aljak diýip gelene bermedi aman.

 

Şaperegi Babagylyç Hurmaly,

Çapdyranda hökman meýlis gurmaly;

Diýerdi dostlary benderden gelip,

Aly Hajy näme diýse durmaly.

 

Aly hajy çapdy Aşyradany,

Kerim hajy üýşürerdi ýadany;

Gara Kürdi Hajy köp at çapdyrdy,

Aýdardy saklaňyz kanun-kadany.

 

Ýüwrük idi Kerim Hajyň perwizi,

Meýdanda bar idi ýaz bilen güýzi;

Aňyrda çörekli, içersi doly,

Myhman gullugynda oguly-gyzy.

 

Kerimiň agasy Abdy Jan Hajy,

Oglunyň başynda pygamber täji;

Ýylkysyndan ýüwrük atlar çykardy,

Meýdana girende bermezdi pajy.

 

Gülnar Mylad bolup toýda çapyldy,

Tundrow, Sagadatlar şonda tapyldy;

Sarly Kaka: berdi ol Gafur Hajy,

Durdy Nasyň Şir sakgary dopuldy.

 

Yrhy Gadymynyň Bähramy sazy,

Aky Çaryklynyň Küllüje ýazy,

Ata Hajy Arryhynyň atlary,

Parh etmez çapanda köplügi, azy.

 

Nurjan Hajy at-abyraý alandyr,

Al sakgar peşgeşi tozan salandyr,

Asly düýejidir şahyryň dosty,

Är ýigitdir Esenmämet bilendir.

 

Nurjan Ownuk çapdy Raol Tährany,

Karsyýany, Kataliýany, Mehrany;

Dehdaştyň atlary baýrakda bardy,

Gurbandurdy çapdy Ogab Sährany.

 

Abdy Rahman Arap Garry Hajydan,

Weýs näzenindir ony gajydan;

Garly möwlam iki dogan çapdylar,

Daňda:n örerdiler Narly, Ajydan.

 

Annamuhammet hem Naragyz başy;

Atçydan doludyr elmydam daşy;

Güljahany çapdy Mejit Jan Hoja,

Abyraý alandyr sag bolsun başy.

 

Halyl Hoja seýis bolup ýetişdi,

Toýjan i:riň nadikasy atyşdy;

Ýüwrük bolup Partizany Tatary:ň,

Özi ýaly atlar bilen gatyşdy.

 

Jelil Hywaçynyň Zerrinba:lyny,

Ferhad Gyzyl çapdy bilmen salyny,

Metin Niýazynyň Soltanasyny,

Ýüwrük diýp Ybrahym sypar yalyny.

 

Muhammet Eýmiriň Berliýanyny,

Çapjak wagty meýlis gurulýanyny;

Mämet Tumaç seýis aýdardy bize,

Aty galsa gaty bululýanyny.

 

Owaza Berliýan dogan bir Jeren,

Heýran galardylar müçesin gören,

Muhammediň ýüregine sag salyp,

Ömüri gysga bolup geçendir örän.

 

Molla Settar çapdyrandyr Serdary,

Arpa kepek satmak bolsa-da käri,

Hajygeldi Hojamlydy seýisi,

Süýnende ýadyňa salardy mary.

 

Silwer boldy Soltan Banu urbany,

Çapdy Gafur Aga Toýly Gurbany;

At oglana tabşyrgysy bolardy,

Çapdyrar sen ata gamçy urmany.

 

Ýusup Ak çapardy Aýdepel gyry,

Sagrysy dik idi kellesi süýri;

Gafur ak bir ýerde dura bilmezdi,

Çagyryp hajany, işany-piri.

 

Kähruba Igdiri Jaýly çapardy,

At deňinden geçjek bolsa gapardy,

Birinji bolanda Esenmät Köçek,

Gurbanguly Ymam Hany tapardy.

 

Ženiral Wişkany çapdy Nurberdi,

Ýüwrükligin Sadyk eýesi gördi;

Altyn asyr bilen Ýakup Aweri,

Hajy Nowaýy hem döranlar sürdi.

 

Aköýli Alaýy çapyp Fernazy,

Birinji bolanda çaldyrdy sazy;

Şetab hem baýraga baran zamany,

Şat bolardy Molla Şaberdi razy.

 

Aköýli Alaýyň dogany Nadyr,

Diýerdi bizde hem Belmod Ýäzd badyr;

Atlaryň zähmetin çekmek biz bilen,

Ýokarda keremli özüdir kadyr.

 

Nurýagdy Hekimiň Mahym janyny,

Birinji edendir bilmen sanyny;

Nurberdiniň Alkateli ýüwrükdi,

Artdyrdy Tähranda şöhrat-şanyny.

 

Mejit Hoja Halyl çapdy maýany,

Ara açyp geçdi hatty paýany;

Şahyryň başyna gyzgyn howada,

Gahryman boluban saldy saýany.

 

Şahyryň ýylkysy bardyr höwürli,

Ýatagy, mekany bagly söwürli;

Alkatel peşgeşler şonda önendir,

Körükli obada tokaý böwürli.

 

Iskenas hem ýüwrük at bolup geçdi,

Jepbaryň emleri üstünden düşdi;

Sopy Gökdi Çekäwekiň eýesi,

Täzelikde ömür çyrasy öçdi.

 

Hajy Meret bardy gülkünçdy, ýazdy,

Aýdym aýdan wagty taýagy sazdy;

Tuwakberdi Ketde Suhan Tumaç hem,

At çapardy ýöne gazygy azdy.

 

Türkden bir seýis bar Mätidir ady,

Jesika, Mätiýar köňlüniň şady;

Ki:şiň adasynda çapgy bolanda,

Hak almak ugrunda eýledi dady.

 

Hekim Hojamly hem öwýändir özün,

Dik düşdi seýisdir ýaşymaz sözün,

Molla Merjan hanyň Ýakuty çapsa,

Seýisi Ahmat jan sowamaz gözün.

 

Annageldi Anjan ol Sary Ownuk,

Hajy Muhat, Nurjan hem bary Ownuk;

Oraz jan ýene-de bolsa-da bardyr,

I:risi bolsa-da deň ýary Ownuk.

 

Tumaçdan, Gyzyldan, Sakgally, Kemden,

Atlary çapanda basylmaz demden;

Sebäbi atlaryn ýüzdürip suwda,

Ulanyp balygyň ýagy dek emden.

 

Haýsy seýis haýsy aty çapanyn,

Bilmesim men kimi depip gapanyn;

Günähimi geçsin aşakly seýis,

Şahyr çäre tapman ýazdy tapanyn.

 

Häzirki ýagdaýda küýe gelenler,

Şular idi ýazdym diýsin bilenler;

Ata taryh diýip segsenlenji ýyl,

Ýazdy "Serhoş" bilsin ýürek dilenler.

 

 

 

 

Indi gadym zaman Kümmet, Ammarolum, Akgala, Benderde at çapylýan meýdanlar gurulmaka Türkmen şaher we obalarynda toý tutup at çapyljak zamany (gynanç bilen, aşaky derýa boýunyň ýaşulularyna ýetikçiligim ýok, ötünç isleýän) baş bolup gatnaşan adamlaryň adyny, at taryhynda senet bolup galsyn diýip, ýigrim alty setirde goşgy bilen ýatlaýyn:

 

Gadym zaman çapgy guruljak bolsa,

Iliň salasyna duruljak bolsa,

Ýaşulular pata berermiş ilki,

Agzybirlik toýy ýörüljek bolsa.

 

Emi:n taýyn bolup toýy başlardy,

Ýyldam at üstünde gulpak saçlardy;

Süýerngi kowjak diýp ýüwrük at münüp,

Meýdanyň içinde goja, ýaşlardy.

 

Atabaýdan Nur Emniýe gelerdi,

Japar Halwat ýaşy uly bolardy;

Maşat Salak, Orazguly Şurawy,

Toýa başlyk Akgaladan şolardy.

 

Japarbaýdan bilmenem men kim bardy,

Turaç, Ownuk, I:ri ýa-da kem bardy;

Ýaş bolmasa ol zamanda gümanym,

Hekimguly Gara Kürdi hem bardy.

 

Şahyryň atasy Türkmen toýunda,

Tagandurdy ady ýygnap öýünde;

Atabaý, Japarbaý, Ganýokmaz, Gojuk,

Maslahat edibän çaýyň boýunda.

 

Anna Gasyr bilen, Satanlak sary,

Tagy Keseburun, Neçjary bary;

Baýramdurdy Gojuk, Halatguly han,

Süleýman Heläki, Tekeden Çary.

 

Kümmet şäherinde çapgy bolanda,

Çar tarapdan Türkmen aty dolanda,

Adyn tutanlarym ýaş uly idi,

Hormaty bar idi Türkmen çölünde.

 

Öwez Hajy Köçek toý bolsa bardy,

Gafur Hajy Sarly çapgyda ýardy,

Allaguly Han hem Igdir ilinden,

Sözüniň yzynda tapylan ärdi.

 

Hajy Mämet Lagar Düýeji başy,

Gurban Şady ýakyn ederdi daşy,

Toý bolsa marawa Emmentden gelip,

Gatnaşardy toýa ortady ýaşy.

 

Isgenderden Tagan Gyzyldiş gelip,

Gan ýokmaz toýunda ile baş bolup,

Gojukdan Pälewan Hamyt jan bilen,

Pürjan han bar idi ýylgyryp gülüp.

 

Dazlardan bar idi Söýün Jurjany,

Bar idi Gökleňiň Şanazar hany;

Hally Şirmämetli, Baýramguly baý,

Hojamgylyç tekin çörekli hany?

 

Bular idi Türkmen toýa serkerde,

Bardy atam çapgy bolsa her ýerde,

Ýatdan çykan köpdür ötünç islärin,

Bu ýaşdan soň huş hem galmandyr serde.

 

Iki ýüz kyrk setir agyr goşgyny,

Ýazyp ýüreklerde atyň yşkyny,

Galkyndyrdym senet bolup galmany,

"Serhoşyň" ýadygär duýgy joşguny.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله