SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
BEDEW ATLAR

 

               BEDEW ATLAR

 

At bilen gylyçdyr ýoldaşy äriň,

Ganyma duş bolsa şonda bellidir.

At ganatyň bolar gylyç hem ýaryň,

Gaça söweş bolsa şonda bellidir.

 

Bedew atlar meýdan islär, ýow islär,

Toýnagy gyzýança silkildäp ýortar;

Gyzan soň toýnagy uýan tow islär,

Üstünde oturan uýanyn dartar.

 

At meýdanda çapgy bolan zamany,

Gulagyn keýkerdip batlanyp gezer;

Aty Resul öwüp etmäň gümany,

Atlynyň yrsgaly günbe-gün ozar.

 

Ig diş ata jepa bermek zulumdyr,

Gynananda göz ýasyna serediň;

Sapak berseň mekdeplerde ylymdyr,

Ýagşy saklap göwräňize per ediň.

 

Bedew at diýdigi gamyş gulakdyr,

Boýny inçe dutar sapy dek uzyn;

Şol syrat bolmasa ýaby ulakdyr,

Seretseň bellidir sagrysyn, gözün.

 

Uýlugy agyrmaz at münen kişiň,

Ýetmiş segsene hem ýetende ýasy;

Atsyz bolma "Serhoş" oň bolar işiň,

Wagtynda ýakyna getirer daşy.

 

              

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله