SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
KÖPDÜR GELEN

 

 

        KÖPDÜR GELEN

 

Giň jahana giň pikirli ýaşanlar,

Ýädigär goýupdyr ölmezden ilki;

Yrfanyň bamyna çykyp aşanlar,

Hudaýa ýakynlap pir imiş belki.

 

Pir diýdigi ýakyn durar hudaýa,

Hakykatdan başga göräýmez gözi;

Rähimlidir mydam misgin-gedaýa,

Ýa rebbim, ýa Alla, bolýandyr sözi.

 

Yrfanyň bamyna çykan aryplar,

Köpdür reb şemaly ösen illerde;

Attar, möwlana dek öten maryplar,

Eserler goýupdyr parsy dillerde.

 

Bulhasan Harakan, Baýezit Bastam,

Bardyr ýene at gazanan şahyrlar.

Şemseddin Muhammet Hafyzdyr benam,

Omar Haýýam, Jamy tekin mahyrlar.

 

Aryp şahyr barmyş ol Jelal Balhy,

Yrfan çeşmesinden ganyp içipdir;

Sagdynyň bostany bolsa-da parhy,

Dünýä ýagty salyp ömri geçipdir.

 

Bular aryp hem şahyrdyr eserli,

Ýöne Ferdusy dek ene diline;

Türkmenden bir ussat geçdi keserli,

Ol hem Magtymguly Türkmen iline.

 

Yrfan sözün goşgy bilen ýetirdi,

Ene dili ýitip gitmesin diýip;

Şahyrlarmyz bu gün sowgat getirdi,

Ýyl dönüm, däpleri ýitmesin diýip.

 

Arzuw edip Ýomut, Gökleň, Tekäni,

Töretide harman guran Pyragy;

Bir bolsun diýp gollap garyp ýekäni,

Aktokaýda öçdi ömür çyragy.

 

Köp ýerde sözläpdir ýürek duýgyny,

Kemlik bilýän eken aýtman ölenin;

Ahyrat howpumyş diýsek gaýgyny,

Ol sebäpden aýdyp küýe gelenin.

 

Yşk oduna berýan diýen sözünde,

Il malyna, ol halyna gerýanmyş;

Kyýamatdan gorkup Türkmen düzünde,

Gorky, umyt arasynda heýranmyş.

 

Nesihat edipdir Türkmen iline,

Mertleriň ýolunda jan beriň diýip;

Sahawat guşagyn baglap biline,

Pahra-meskine nan beriň diýip.

 

Şehit etdiň diýip Hesen-Hüseýni,

Kerbelany ýatlap geçen ýeri bar.

Arzuw edip şolaň bolan öýüni,

Bir alladan dileg eden seri bar.

 

Nesar edip janyn şahi-merdana,

Wasp edip Alynyň zulpykaryny;

Dünýäniň dört künjün gezip gerdana,

Musulman edipdir kapyr baryny.

 

Bir ýerde halyňa şükr eýle diýip,

Aýdypdyr ryzk üçin gaýgyly bolma;

Allanyň adyny zikr eýle diýip,

Ýazylan takdyra saralyp solma.

 

Magtymguly köp söz aýdyp he bapdan,

Pahimi giň gerek kyndyr bilerdin;

Hadysy-Kurandan, köwser şarapdan,

Magny seçsin Türkmen gaýra-ilerden.

 

Iki ýüz hem ýetmiş ýyllyk toýuny,

Päk toprakly mezarynda tutarlar;

Bezäp şahyr-alymlardan öýüni,

Goşgy bilen waspyn göge götärler.

 

Magtymguly köpdür gelen ýanyňa,

Türkmenistan meýlisiniň başlygy;

Gelipdir sözlärler seniň şanyňa,

Parh etmez muştaga ýakyn daşlygy.

 

Eýrandan hem uly başlyklar gelip,

Açdylar gursakda bar bolan genjin;

Sen aryp şahyryň hormatyn bilip,

Ýadyndan çykarýar daş ýoluň renjin.

 

Biz hem seň adyňa bunýad guradyk,

Alym, şahyr, ýazyjylar jem bolup;

Sen ussada muryt bolup döredik,

Alymlar ýanynda "Serhoş" hem bolup.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله