SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
SÖÝÜŞMEK

 

        SÖÝÜŞMEK

 

Söz açaýsam söüşmekden söýgüden,

Ýüregiň dermany bolar söýüşmek;

Söýüşmän öýlenen ýigitler mydam,

Janynyň armany bolar söýüşmek.

 

Dessanlar ýazylyp goşuldy goşgy,

Aşyk-magşuklaryň geçmiş halyna.

Duşaýsa her kimiň üstünden ýoly,

Weýran eder bakmaz onuň salyna.

 

Agyr eken yşkyň ýüki daglardan,

Bilýändir ol ýüküň astyna düşen;

Saýrasa-da bilbil yşkyň nagmasyn,

Ýokdur perwana dek yşk ýolda bişen.

Ne süýji zat bardyr jana ýokumly,

Bal arysy aýdar şähtler güldedir;

Açar eneler hem gunça gülüni,

Ol sebäpden ene mähri dildedir.

 

Suw berse bagban wagtynda güle,

Öser güli müşk kokyýar gülüstan;

Ynsan hem çaganyň gullugna ýetse,

Bolar ýaşaýşy elmydam messan.

 

Şeýle bagyň beýle biten gülüne,

Gadyr bilen bilbil tekin ýar gerek;

Taparlar bir-birin goýaýsa agýar,

Tikene gül gerek güle ha:r gerek.

 

Gaýgy kesel bilen bolmaňyz goňşy,

Kelenjar dagwadan gaça duruňyz;

"Serhoş" bolup ýaşa gelse eliňden,

gidejek siz şuny yakyn görüňiz.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله