SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ENEDIR

 

 

        ENEDIR

 

Beni adam ýaranyp, bu dünýäýe gelende,

Iki ýaşda dil açyp, ilki özün blende,

Gülüp-aglap sözlese, şu at bolar dilinde,

Hormaty köp ýürekde eptiharly enedir.

 

Uky şirin hem bolsa, bala ondan süýjüdir,

Ynsan çaga zamany, ene jana iýjidir,

Her ne ýazsam eneden, sözbaşydyr-ujudyr,

Ukusyzlyga dözen ruzygärli enedir.

 

Mysal üçin getiriň göz öňüne bir guşy,

Ganat ýaýyp uçýança balasydyr dilhoşy,

Enäniň çeken jebrin bilmelidir her kişi,

Balasynyň yzynda ahy-zarly enedir.

 

Mekdep-medrese ýollar, çaga ýedä ýetende,

Öýermek pikre düşer oglanlykdan ötende,

Göz guwanjym balam diýp şatlyk toýun tutanda,

Golun çermäp saç ýaýan, zülpi tarly enedir.

 

"Tagy" diýe enäniň sylagy köp ýanyma,

hyzmatynda durar men dem tapylsa janymda,

sebäbi enäň mähri bardyr ýürek ganymda,

mahapbet bossanynda gül-gülzarly enedir.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله