SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
Köňlüm AÇYLMAZ

 

        Köňlüm AÇYLMAZ

 

Ýüregim darygyp köňlüm açylmaz,

Heýran galyp bu dünýäniň işine.

Wyjdany depeläp pisden gaçylmaz,

Ýagly tagam degmez köpüň dişine.

 

Tanaby çüýrükdir bu gysga ömrüň,

Çyg hem gury aýagyna ýakylýar.

Tüssesi yzadyr ýanan kömüriň,

Ot ýanyp öçen soň küli kakylýar.

Her kimiň ýoldaşy bolar amaly,

Eden işiň il gözünden sowulmaz.

Biri täze geýer biri ýamaly,

Arassa ýamaly hiç wagt kowulmaz.

 

Çagalykdan ýaşap gelen ýoldaşlar,

Bir-birden sowulyp aýyrdy ýolun.

Ýürekden syr içip ganan syrdaşlar,

Goýup gitdi bu gun sag bilen solun.

 

Şatlyk hem zor bilen ele gelmeýär,

Şatlyk üçin durmuş ýagşy bolmaly.

Şatlygyň gadryny her kim bilmeýär,

Şatlyga dutarly bagşy bolmaly.

 

Begenýändir adam pahyr geljege,

Ömür çöpy azal ýanyn bilmäni.

Ýagşy durmuş gerek mylgyp güljege,

"Serhoş" gül sen galar goşgyň ölmäni.

 

 

 

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله