SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
تالیفات > شوردان تاپیلدی > Latin > BAÝRAMGYLYÇ FARZAM
BAÝRAMGYLYÇ FARZAM

BEÝYK TAŇRYŇ ADY BILEN

Türkmen edebiýatynyň medeni we ruhy baýlygynyň paýhasly ogullarynyň biri hem Taganberdi Purmand, Tagandurdy ogludyr. Ol il arasynda "Tagy" ady bilen tanalyp we "Serhoş" lakamy (Tahallusy) bilen poemalar we poeziýalar döredýär.

Dörediji uzak wagtlardan bäri köp sanly eserlerini türkmen dilinde çap bolýan žurnal-gazetlerinde neşir edip, okyjylara hödürländir. Indi hem öz eserlerini okyjylar köpçüligine ýetirmek maksat bilen uzak ýyllardan bäri  poemalar we poeziýalaryny kitap suratda neşir edip türkmen edebiýatyna goşant goşmak arzuwsy bar. Şol sebäpden şahyryň poemalar we poeziýalary barada bir näçe kelam söz ýazmagy özüme borç bilip, gysga suratda şolaryň käbirini analyz etmek maksadym bar.

Döredijiň hünärini söýgi lirikalarynda aýan görmek bolýar. Şahyr gündogar we orta aziýanyň halklary ýaly söýgi lirikalaryny pars dilinde hem goşgy formada, gazal sratda döredip, olary golýazma fondunda saklap ýör.

Dörediji öz poemalarynda seýisleriň hünärini we kahryman atlaryň obrazyny örän oňat formada nygtapdyr. Bir poemasynda "Nazarly" ýaly ussat bagşyny wasp edip we onuň aýdym-saz ugrunda eden hyzmatyna uly baha berip ýazan eserinde at gazanan türkmen bagşylaryň hatarynda goýupdyr. Dörediji, ahlak we moral taýdan hem şygyrlar döredip, ynsana hormat we sylag goýmagy her bir ynsana wezipe bilipdir.

Indi bir näçe kelam hem türkmen we türk sygyrlary barada aýtmagy özüme borç bilýärin. türkmen we türk şygyrlary heja ölçegi bilen ýazylyp, aýdym suratda çykmaga ýardym berýär. şol sebäpden türkmen şygrynyň ussady Magtymguly Pyragyň 700 goşgusyndan iki ýüze  golaý goyşgulary aýdym bolup halk arasynda, asyrdan asyra hazyna bolupdyr. Uly alymlayň tahkyklayna görä, türkmen we türk şygryny ýazmak üçin diňe heja ölçegi mynasypdyr. Şol sebäpden türkmen diliniň fonetik gurluşyklaryny aruzy ölçeg bilen goşgy ýazmakda kynçylyk döräp, ýazylan goşgular tebigy ýagdaýdan uzak düşýär we şahyr çäre tapmany aruzy ölçeg bilen şygyr ýazjak bolsa, arap we parssözlerden peýdalanýar.

Sözüm soňunda süýjy arzuw arkaly beýik taňrynyň beren güýçli talanty bilen dörediji ýene-de türkmen edebiýatyna hyzmat edip, ene diliň ugrunda döreden goşgulary we "Sere Gelen Sözler" adynda ýazan ýazmalaryny çapa ýetirip halk arasynda ýaýratsa, edebi we medeni we taryhy myrasymyza goşant goşar diýýän pikir bilen üstünlik arzuw edýärin.

 

BAÝRAMGYLYÇ FARZAM

(ÝAZYJY)

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله