SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
تالیفات > شوردان تاپیلدی > Latin > ORAZMUHAMMET ORAZNIÝAZY
ORAZMUHAMMET ORAZNIÝAZY

BEÝYK TAŇRYŇ ADY BILEN

Hormatly okyjylar, öz bilişiňiz ýaly häzirki ýaşaýan asrymyzda her bir halky özbaşdak edebiýat hem-de erteki, goşgular we dessanlary bilen tanamak bolýandyr. Eýsem türkmen halky-da asyrlar boýy öz aýdym-saz, läleler we çagalary ýatyrmak üçin hüwdüler, hem-de ýene goşgulary bilen ruhy baýlyk taýdan hiç bir halkdan yza galman eýsem üstün bolup köplerçe ýazgytlar ýädigär goýup edebiýat sungatyna borjuny ödändir. Bu bölek arasynda özbaşdak eserler diňe ynsansöýer ýürekli şahyrlara derekli bolup olaryň edýän aladasyndan aňsatlyk bilen göz sowup bolmaýar. Olar biziň ene dilimize uly gorakçy hökmünde uruş meýdanlarda söweşjeň ýönekeý ynsanlardan eden aladalary az däl-de diýmek artyk hem bolup bilýär. Häzirki ýagdaýda türkmen edebiýatyny yzarlap gelýän muştaklara "Tagy Purmand" şu asyrda ýaşaýan şahyr tanamaýan at däldir. Biziň garaýşymyza görä şahyr ýyllarça boýunda türkmen diliniň aýratyn ussady şahyr Magtymguly Pyragynyň muştaklarynyň biri bolup ussadyň belli günleri we ýa onuň adyna ýokary okuw jaýlarda gurulan gurluşyklarda, Günbed şährinde medeniýet bölüminiň adyny göteren gurultaýyň degerli agzasy bolup gatnaşýar. Şahyryň goşgulary köplenç öwüt-nesihat ugrunda klasik bölümli edebiýat neşriýelrde çap edilendir. Onuň goşgularynda we edebi sözler ady bilen ýazan nusgalarynda türkmen diliniň baýlygy çeperçilik bilen maglumat berýäni belli bolýar. Şahyryň goşgularynda ýaş wagtyndan bäri türkmen folklorynyň däp-dessurlery bilen ýakyndan gatnaşyk edýänini duýsaň bolar. Sebäbi onuň "Taze dörän nakyllar" adynda neşriýelerde çap edilen eserlerinden hem-de türkmeniň geçen döwürlerde ýaşaýyş ugrunda ýazan nusgalaryndan mälim boluşyna görä biziň ene dilimiz çäksiz baý we buýsançly bolmagyny duýmak bolar. Türkmen dilimiz häzirki döwürde ösmäni peselip barýan zamanynda ýazylan şeýle kitaplar goragçy hökmünde täsir goýjagyna güman etmeli däl diýip şahyra jan saglyk arzuw etmek bilen türkmen medeniýet ugrunda alyp barjak aladalaryna garaşýarys.

ORAZMUHAMMET ORAZNIÝAZY

(ŞAHYR)

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله