SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
TANYSAŇ HUDAÝY

   TANYSAŇ HUDAÝY

 

Tanasaň hudaýy dogry ýürekden,

Imanyňy dergähine güýçli et.

Haýryň ýetsin kesme halky çörekden,

Tut golundan ýykylany işli et.

 

Misgini gözüňden sowma başarsaň,

Kadyr Alla özi ýarandyr saňa.

Il içinde abyraýly ýaşarsyň,

Rähmet ýagmyr ýagyp barandyr saňa.

 

Bermek bilen döwlet malyň egsilmez,

Birine on bolup geler ýerine.

Gysganç adam il içinde begsinmez,

Köp görenler biler gelip serine.

 

Ýalaňajy donap bilseň don bilen,

Ýa gyşyk çatmala öý salyp berseň.

Özüňden agyr hem bolsa on bilen,

Bir juwan ýigide boý alyp berseň.

 

Ýa adam bar köp çagaly zady ýok,

Içjek çaýy gaýgy iýmäge nany.

Özi ynsan hiç depderde ady ýok,

Utanjyndan ýokdur hiç ýerde sany.

Beýle ynsanlaryň tutsaň elinden,

Käbä gitmek ynsan saňa ne hajat!

Okadym ýazylan aryp dilinden,

Käbe ýakynyňda misgini täç et.

 

Käbä gitme diýmen, gitmezden ilki

Seret doganyňa, ýakyna-ýada.

Eneň-ataň, gaýnyň garypdyr belki,

"Serhoş" sen biderek ýortmagyl ada.

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله