SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
REMEZAN AÝY

 

               REMEZAN AÝY

Üç ýüz altmyş günde, on iki aýda,

Remezan aýydyr aýyň ýagşysy.

Möwç urar merewwet ynsaply baýda,

Hemmet eder ýokla baýyň ýagşysy.

 

Dogry durar tüýs musulman hudaýa,

Oraza tutarlar baýdan-gedaýa,

Mümün gullar barar ol ýagşy jaýa,

Jennetil-mäwadyr jaýyň ýagşysy.

 

Gyplat ukusyndan turgul, geçer sen,

Ajal oky gelse niräk gaçar sen,

Ahyrda ölümiň zährin içer sen,

Zulmat içindedir suwuň ýagşysy.

 

Süýthor guwanmasyn ýygnan malyna,

Toba etsin nazar tikip salyna,

Aglasynlar Remezan  aý halyna,

Kuran nuzul bolan aýyň ýagşysy.

Eziz günleň pazylatyn bilseler,

Eziz aýda ümürlemän gülseler,

Misgine "Serhoş" dek ýürek dilseler,

Zuljelaldan ýeter paýyň ýagşysy.

 

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله