SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
HEÝRAN EÝLEDIŇ

 

 

HEÝRAN EÝLEDIŇ

 

Bar ylaha! arzym bardyr şanyňa,

Gudratly işiňe heýran eýlediň.

Görünmez sen baraý diýsem ýanyňa,

Meni gerdişiňe heýran eýlediň.

 

Döwlet malyn gähi berip zyýada,

Gäh goýar sen bir eşeksiz pyýada,

Niçäniň gözüni pany dünýäde,

Hoş güni görkezmän gerýan eýlediň.

 

Birine berip sen zeýweri, zeri,

Birine berip sen akmaýa, neri,

Birine berip sen gyjalat deri,

Hekmet bilen hana weýran eýlediň.

 

Biri garyplykdan çörege zardyr,

Biri gan dökmäni özi hunhardyr,

Bilmen garyplarda ne tagsyr bardyr,

Hoş güni görkezmän seýran eýlediň.

 

Biri ýük astynda bükülyp bili,

Biri pulun satyp agladar ili,

Biriniň gerşinden düşmeýär pili,

Elini serdirip gerýan eýlediň.

 

Ýa reb özüň garyplara rehm eýle,

Keremli derýaňa baryn sähm eýle,

"Tagy Serhoş" otur, tur-da pähm eýle,

işlemäni diýme heýran eýlediň.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله