SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ZURÝAT ENAÝATY

 

ZURÝAT ENAÝATY

 

Kadyr Alla gudratyňdan, yaradyp sen barça zady,

Keremiňden joş eýleýip, merhemet kyl köňül şady,

Şatlygymdan tutup toýlar, çagyrmaga ýakyn-ýady,

Garyp köňlum islegidir, ogul-zurýat enaýaty.

 

Dilegimdir birje ogul, ýöne akyl-huşly bolsun,

Il haýryna ädim äden, söz gylyjy güýçli bolsun,

Daýhan bolup mal saklasyn, halal çörek işli bolsun,

Ýa reb senden bolsa perman, birje ogul kepaýaty.

 

Bir zamanlar öz günüme, pikir edip gan aglaram,

Geçer bu gün diýip gähi, Däli köňlümni çaglaram,

Hoja-yşan pirim diýip, muryt bilimni baglaram,

Birje ogul bolar derman, garyp köňlüm şepagaty.

 

Zurýatsyzyň ady ýiter, göýä dünýä gelmän ýaly,

Iki gözi ýumulanda, dargap gider ýygnan maly,

Niýetli guş käbä ýetse, "Serhoşyň" hem belli haly,

Umydym köp rahmanymdan,budur bendäň hekaýaty.

 

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله