SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
NAŞÜKÜR GEDAÝ

 

         NAŞÜKÜR GEDAÝ

 

Köp ötümli ýol üstünde bir gedaý

Näşükürlik edip diýdi: Eý Hudaý!

 

Aglamyşlap ýarawsyzlyk hal bilen:

Geçer ömrüm elim serip sal bilen.

 

Bidöwletlik ýeliň samany bolup,

Tozyýar men her gün saralyp, solup.

 

Bir ömürläp dözdüm gözümi süzüp,

Bir balyk tapmadym derýada ýüzüp.

 

Zar edip sen birje dişlem çörege,

Ne zyýany bardy berseň derege.

 

Gapylar agzynda köp zaman durup,

Kowdular näçesi söwüban, urup.

 

Çüýrük çykdy işen erşim ozaldan,

Paýym ýokdur meniň sona gözelden.

 

Berdiň halka mydam ýagly böregi,

Ne bolardy maňa berseň çöregi?

 

Ömrümde bir täze tüýe girmedim,

Tikeninden gorkup bir gül tirmedim.

 

Nazar salgyl tereziňe eý Hudaý,

Barly etdiň barça halky, men gedaý!

 

Gyzynar men gyşda ýürek oduma,

Düşek bolar garlar sagry-buduma.

 

Azaşyp men, dogry ýola salmadyň,

Men pahyry nazaryňa almadyň.

 

Höküm etdi Jebraýyla ol Hudaý:

Iş ugruny bilsin näşükür gedaý!

 

Dünýäge degerli bardyr matasy,

Gaçgyn güni işdir, şodur hatasy.

 

Lebbeýk diýip aýtdy rebbiň sözüni,

Ol misgine garap diýdi ýüzüni:

 

Dogry ýoldur hak jeliliň ýollary,

Bir ädim gel hak hem gelsin onlary.

 

Yhlas bilen tana bilseň jelili,

Gudrat bilen güýçlendirer zelili.

 

Barça zat berendir halka halygy,

Tor atmasaň tutup bolmaz balygy.

 

Işlemäge eliň, görmäge gözüň,

Berildi dil, ýagşy sözlegil sözüň.

 

Aýaklar berildi dogry ýörmäge,

Akyl-huş berildi döwran sürmäge.

 

Göz berildi bolsun ýoluňa çyrag,

Güýç kuwat berildi işiňe ýarag.

 

Bir gysym toprakdyr aslyňa pikr et,

Mahluk sen eý betbagyt, halyga şükr et.

 

Sen topraga dem berilip jan indi,

Niçik bu gün rebden nazaryň syndy.

 

Kimiň ryzky ýetmän jany alyndy?

Bu giň saraý sizler üçin salyndy.

 

 

Biziň işlerimiz yhsansyz bolmaz,

Biziň saçaklarmyz myhmansyz bolmaz.

 

Gapyny ýapmazlar saklaýanymyz,

Iýmekden gutarmaz biziň nanymyz.

 

Ykbalyň şaýady bardyr goluňda,

Daýangyl güýjüňe sag-u soluňda.

 

Gymmat goýgul elleriňe, gözüňe,

Näşükür sen gara çekgil ýüzüňe.

 

Genç bolany bardyr sende eý gedaý,

Zar aglar sen ýene neýlesin hudaý?

 

 

Köp genje degerli akylyň-raýyň,

Çeken zähmetiňe ýetişer paýyň.

 

Işleýän adamlar ýeter paýyna,

Düşek salar gyşda ýatjak jaýyna.

 

Sebäp, buýsanjydyr golunyň güýji,

Işleriň janyna bolýandyr iýji.

 

Kerimiň saçagy açykdyr, ýaýyň,

Işletseň aklyňy alarsyň paýyň.

 

Hakyň nury ýagty berer jahana,

Ýalta-betbagt etme nähak bahana.

 

Şatlyk bolan ýerde çekmegil gamy,

Rebbiňi ýatlaýyp hoş geçir demi.

 

Haka gunça bolup açylsaň bagda,

Ýetişer dadyňa gyssanan çagda.

 

Damja-damja suwdan derýa dörener,

Ýitigi gözleseň ahyr görüner.

 

Işle "Serhoş" ganahata bereket,

Alladan bereket, senden hereket.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله