SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
تالیفات > شوردان تاپیلدی > Latin > BILBIL BILEN GARYNÇA
BILBIL BILEN GARYNÇA

 

BILBIL BILEN GARYNÇA

 

Bir bilbil bagynda bikarar bolup,

Saýrady hoş owaz sedasy bile.

Bossanyň içinde gazallar düzüp,

Aýdyşdy tüýdügiň jydasy bile.

 

Hoş bolup bu bagdan ol baga uçdy,

Ta magşugy gyzyl güle ýetişdi,

Şonda bir garynça nazary düşdi,

Çeker zähmet jannyň pydasy bile.

 

Gördi däne diýip urunyär her ýan,

Şu söhbetler boldy ol halda jerýan,

Çähçäh urup bilbil sözledi urýan,

Tawus dek näz edip edasy bile.

 

Magrur bolup diýdi: nadan bihabar,

Bu hoşluk çagydyr eýlegil nazar,

Işleýip ömrüňi geçirme heder,

Ýüzleşdi garynçaň nedasy bile.

 

Biderek aldanma bu geçer wagta,

Hoş bolup guwanma bu täze ragta,

Azygyň bolmasa düşersiň sagta,

Hazan geler bahar wedasy bile.

 

Waýdyr seniň günuň gyş gelen çagda,

Ýapraklar döküler gül galmaz bagda,

Emma meň çöregim şonda hem ýagda,

Tapylar her kime pydasy bile.

 

Öý bilen ammarlar salgyl özüňe,

Bardyr gyş hem guwanmagyl ýazyňa,

Jogap berdim seniň diýen sözüňe,

Söwda eder "Serhoş" hudasy bile.

 


  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله