BIZDEDIR

شاخه : Latin

 

 

    BIZDEDIR

    

Eýranyň ýurdunda Türkmen çölunde,

Jerenler gaçarly düzler bizdedir.

Çagatly gollarda çopan elinde,

Teke goçly urba ýozlar bizdedir.

 

Ýagty edip ýalkymyndan jahany,

Gorjalaňa salan yşkyň nahany,

Her näçe goýulsa azdyr bahany,

Aýa dogma diýen ýüzler bizdedir.

 

Atlanyp halysy dünýäde belli,

Gamyş gulak aty owadan tenli,

Busanmaly Türkmen sen bilen menli,

Myhmany sylaýan duzlar bizdedir.

 

Rähm etmäni jellat keser başyňy,

Goýmaz garamaga degre-daşyňy,

Boýar gyzyl gana gözel läşiňi,

Gan dökmän öldüren gözler bizdedir.

 

Ýaz paslynda gülüstanyň gülleri,

Saýradar käkilik hem bilbilleri,

"Serhoş bolup ýaşar Türkmen illeri,

dili hamrak ýagşy şözler bizdedir.